HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw mekdebinde pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy

Fewral 21, 2026 | 14:25 |9700
16-njy fewralda Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw mekdebiniň ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty mugallymlary we talyplary üçin eýranly mugallymlar doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýety boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy16-njy fewralda Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw mekdebiniň ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty mugallymlary we talyplary üçin eýranly mugallymlar doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýety boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy
Çeşme: EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi

16-njy fewralda Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw mekdebiniň ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty mugallymlary we talyplary üçin eýranly mugallymlar doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýety boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy.

Bu okuw sapaklarynyň açylyşyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, eýranly professor mugallymlar, okuw sapaklarynyň dişleýjileri gatnaşdylar.

pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow eýranly professorlaryň gatnaşmagynda pars dili we edebiýaty boýunça okuw sapaklarynyň geçirilmegine begenýändigini aýtdy. Ol okuw sapaklaryny gurnamaga we geçirmeklige beren ýardamlary üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna we Medeniýet merkezine minnetdarlyk bildirdi we bu okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň geçen aýda Eýranyň Hormatly ilçisiniň we Medeniýet geňeşçisiniň türkmen uniwersitetleri bilen duşuşygynyň netijesidigini aýtdy. Şeýle hem ol eýranly professorlardan gatnaşyjylaryň gatnaşyk derejesini, pars dilini öwrenmekdäki tagallalaryny, şeýle hem berlen bilim maksatnamasyny özleşdirişine baha bermegini we synag almaklygy haýyş etdi.

pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Saady gaznasyna we iki ýurduň ýolbaşçylaryna 5 uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny geçirmek baradaky ylalaşygyna we kömegine minnetdarlyk bildirip, eýranly professorlary tanyşdyrdy we bu başarnykly we tejribeli professorlaryň bolmagynyň mugallymlaryň, talyplaryň we pars dilini öwrenýänleriň bilim derejesini ýokarlandyrmakda uly ädim boljakdygyny we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklara möhüm täsir etjekdigini aýtdy. Ol geljekde Saadi gaznasy we Türkmenistanyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda şeýle okuwlary uzak wagtlap geçirmeklige taýýardygyny, şeýle hem türkmen professorlary we talyplary üçin Eýranda we Türkmenistanda pars dili we edebiýaty boýunça başarnyklary ýokarlandyrmak üçin şeýle okuwlary geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranly professorlar Doktor Şahnaz Ahmedi Gader we Doktor Tahmine Şeýhi gysga çykyşynda ilçihananyň Medeniýet merkezine we uniwersitetlere minnetdarlyk bildirdiler we pars dili we edebiýaty mugallymlary we talyplary üçin bu kursy nähili geçirmelidiginiň jikme-jik meýilnamasy barada gürrüň berdiler. Olar bu gysga on günüň dowamynda gatnaşyjylaryň bilim derejesini we pars dilinde gürleşmek ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem mugallymlara täze okuw usullaryny ornaşdyrmak arkaly pars dilini öwretmekde düzediş we kämilleşdirmek üçin tagallalarynyň ediljekdigini aýtdylar.

pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary

Soňra bolsa çärä gatnaşýanlar okuw sapaklary üçin niýetlenen iki sany okuw otaglaryna we dynça alyş otagyna aýlanyp bu otaglarda döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyş boldylar.


Belläp geçsek, pars dili we edebiýaty boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşýan mugallymlar we talyplar okuwyň soňky güni geçilen sapaklar boýunça synag tabşyrarlar. Ähli gatnaşanlara Eýran Yslam Respublikasynyň Medneiýet merkezi tarapyndan bilim derejeleri görkezilýän güwanamalar gowşurylar. Okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 16-26 fewraly aralygynda dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026