HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Türkmen kinosynyň altyn owazlary» atly konsert geçiriler

Fewral 21, 2026 | 09:24 |5221
Sahnada Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederSahnada Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder
Çeşme: TDH

Aşgabatda söýülýän türkmen filmleriniň sazlaryna bagyşlanan «Türkmen kinosynyň altyn owazlary» atly konsert geçiriler. Tomşaçylara birnäçe nesliň medeni ýadynda galan kinofilmleri ýatladýan simfoniki janly sazly agşam garaşýar.

Sahnada Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder. Toparyň ýerine ýetirmeginde öz döwrüniň saz nyşanyna öwrülen we wagtyň aýratyn ruhuny saklap galan eserler ýerine ýetiriler.

Konsert 21-nji fewralda Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanjak wagty sagat 19:00.

Guramaçylaryň belleýşine görä, konsert maksatnamasy kinony we sazy utgaşdyryp, tomaşaçylar üçin mähirli we nostalgiýadan doly gurşawy döreder. Bu agşam ajaýyp ýatlamalary oýarýan sazlary ýene-de bir gezek diňlemäge we simfoniki orkestriň ussatlygyndan lezzet almaga mümkinçilik bolar.

Soraglar we biletleri satyn almak üçin maglumatlar aşakdaky telefon belgileri boýunça: 26-69-17, 861-33-88-29, 863-46-71-77.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026