HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebinde Maslenisa baýramy bellenildi

Fewral 21, 2026 | 09:00 |6647
Her ýyl Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ähli okuwçylary Maslenisanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlarHer ýyl Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ähli okuwçylary Maslenisanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar
Çeşme: orient.tm

Her ýyl Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ähli okuwçylary Maslenisanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu asylly däp mekdebiň ähli mugallymlary we ene-atalary tarapyndan goldanylýar. 10-njy “B” synpy hem çetde galmady we penşenbe güni, 19-njy fewralda, ir säher myhmansöýerlik bilen okuwçylary, mugallymlary hem-de mekdebiň tehniki işgärlerini blinler, piroglar we dürli süýjülikler bilen garşy aldy.

Gadymy rus däbine görä, Maslenisanyň dördülenji gününde köpçülikleýin çäreler geçirilýär we ähli hojalyk işleri togtadylýar. Ählumumy şatlykly ýagdaýy ejeler goldady. Olar milli rus lybaslaryny geýip, mekdebiň girelgelerini bezediler. Arakesmelerde bayan sazandanyň ýerine ýetirmeginde joşgunly rus sazlary ýaňlandy. Çagalar hem ulular ýerlerinde durup bilmän, joşgunly rus tansyna başladylar.

Uly arakesmede okuwçylara ýene bir sowgat garaşýardy — aýdymçy Ýelena Oreşkina rus halk hem-de meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Baýramçylyk şowly geçdi! Okuw güni aýratyn tapawutly duýuldy, wagt örän çalt geçdi. Çagalar mekdepden şatlykdan doly ýagdaýda gaýtdylar. Mekdep ýene-de türkmen we rus medeniýetleriniň dialogynyň, dostlugyň we hormatyň ýaş nesli terbiýelemegiň esasy bolup durýan özboluşly okuw mekdebidigini görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026