HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi bilim hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Fewral 20, 2026 | 14:15 |6840
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: bilim.tm

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleriniň we ýaşlar guramalarynyň Ýewropa maksatnamalaryna, şol sanda akademiki alyş-çalyşlara hem-de ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler we «ýaşyl» ykdysadyýet pudagyndaky bilelikdäki taslamalara gatnaşygyny giňeltmek barada maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy bilimiň hilini üpjün etmek, kredit-modul ulgamyny ornaşdyrmak we akademiki ykjamlyk babatda ýewropa tejribelerine gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem okuw işini sanlylaşdyrmak we uniwersitetleriň häzirki zaman dolandyryş modelleri, ýaşlar syýasaty hem-de medeni gatnaşyklar ulgamlaryna degişli meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň institusional ösüşine özara gyzyklanmalaryny we bilelikdäki anyk başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ulgamlaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026