HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Täze ýyly mynasybetli "China Media Group"-yň gala-konsertinde dünýä ýyldyzlary çykyş etdi

Fewral 19, 2026 | 17:51 |5471
Çeşme: orient.tm

"China Media Group" tarapyndan guralan Hytaý Täze ýylyna bagyşlanan gala-konsertde halkara sungat işgärleri çykyş etdi, bu bolsa 2026-njy ýylyň konsert maksatnamasyny taslamanyň kyrk ýyldan gowrak taryhynda iň köpdürli düzümli edip görkezdi.

Aý senenamasynyň Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany gijesi tutuş ýurduň tomaşaçylary daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň gatnaşmagyndaky giň gerimli tomaşany synlamak bilen Ýylky ýylyny garşyladylar. Laýonel Riçi Jeki Çan bilen bilelikde çykyş etdi. Şeýle-de, sahnada daşary ýurtlarda hem-de Hytaýda meşhur bolan Jon Lejendiň, Elen Rollesiň we "Westlife"-iň aýdymlary ýaňlandy. Dünýä aýdym-sazynyň, tanslaryň we akrobatikanyň utgaşmagy ýurduň medeni açyklygyny we her ýylky ýaýlyma bolan halkara gyzyklanmany açyp görkezdi.

Pekiniň ýaşaýjylary konsertiň täsirli gurşawyny we halkara häsiýetini bellediler. Tomaşaçylaryň biri geljekde sahnada Teýlor Swiftiň hem çykyş edip biljekdigine umyt bildirdi.

Aýdym-saz çykyşlaryndan başga-da, konsertde Awstriýaly akrobatlar, Wengriýaly tansçylar we Ispaniýaly flamenko topary çykyş etdi. 2026-njy ýylyň gala-konsertiniň baş režissýory Ýu Leý tomaşaçylaryň täsiriniň oňyn bolandygyny, konsertiň halkara böleginiň has baý mazmunly we köpdürli bolandygyny habar etdi.

Daşary ýurtly ýerine ýetirijiler ençeme ýyllap gala-konserte gatnaşýarlar. Dürli ýyllarda sahnada, esasanam, kanadaly aýdymçy Seline Dion we fransuz aktrisasy Sofi Marso çykyş etdiler.

1983-nji ýyldaky ilkinji ýaýlymyndan bäri konsert "Guinnessiň Rekordlar kitaby" tarapyndan dünýäde iň köp tomaşa edilýän ýyllyk teleýaýlym hökmünde ykrar edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026