Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Fewral 18, 2026 | 14:00 |5282
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy
Çeşme: Kämil bilim

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 sany medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň iň ýokary baýragyna — Altyn medala şu okuwçylar mynasyp boldular:

• Selim Begmyradow (Aşgabat ş., 7-nji orta mekdep)

• Abdyljelil Patyşagulyýew (Aşgabat ş., 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep)

Bu zehinli ýaşlar "Line Follower" ugry boýunça görkezen ýokary netijeleri üçin diňe bir altyn medal bilen çäklenmän, eýsem tutuş bäsleşigiň "IŇ GOWY TOPARY" diýlip yglan edildi we olara ýörite baýrak gowşuryldy.

Bulardan başga-da, mekdep okuwçylarymyzyň birnäçesi öz ugurlary boýunça ýokary ussatlyk görkezdiler:

• Kümüş medallar (6 sany): Abdullah Annaýew ("Line Follower"), Muhammedkasym Annaýew ("Mini Sumo"), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa.

• Bürünç medallar (4 sany): Ebubekir Berdiýew ("Line Follower"), Muhammedulemin Annaýew ("Maze/Labirint"), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.

Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew Eminleriň ýörite baýragyna mynasyp görüldi.

Halkara ýaryşda uly üstünlikleri gazanan Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk etdi.

Международный конкурс «IWISE Global Final 2026 ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026