HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Oguzrobot» toparynyň Astanadaky üstünligi: indiki ädim — Hytaý

Fewral 18, 2026 | 15:45 |5640
10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy
Çeşme: bilim.tm

10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy. Eminleriň gelen netijelerine laýyklykda, «Oguzrobot» toparyna görkezen innowasion çözgütleri we ýokary tehniki ukyplary üçin Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek halkara robot ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite hukuk (kwota) berildi.

Çempionata dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Hongkongdan, Estoniýadan, Wýetnamdan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan jemi 80-e golaý topar gatnaşdy. Saýlama tapgyryň iň çylşyrymly dört oýnunyň ikisinde ýeňiş gazanan toparymyz, robotyň dizaýny we programmalanyşy boýunça eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa gatnaşan toparlar Aşgabat şäherindäki 97-nji we 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülip, olar paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde düýpli taýýarlyk geçdiler.

Geçen ýyl Astanada geçirilen bäsleşikde «Halkara üstünlik» baýragyny alan ýaşlarymyzyň bu ýyl Hytaýa ýollanma gazanmagy, ýurdumyzda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) biliminiň ýylsaýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026