HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri

Fewral 17, 2026 | 22:00 |7350
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge «1TV» birinji tele-ýaýlymyň, «Объектив» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media-holdinginiň, «Georgia Press» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň, «Resonans», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда», «Vecherni Tbilisi», «Vrastan» gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

turkmenistan-embassy-georgia-media-briefing (4).jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygary ösüşiň milli ugurlaryny, halkyň jebisligini we ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşe hem-de ýokary sepgitlere bolan ymtylmasynyň nyşany hökmündäki ornuny şöhlelendirýändigini belledi.

Brifingiň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň kemala gelmeginiň tapgyrlaryna we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurduň hukuk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

turkmenistan-embassy-georgia-media-briefing (3).jpg

Ilçi türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýokary derejeli saparlaryň işjeň ösüşi yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça itergi berýändigini belledi.

«The Georgian Business Week» neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň nobatdaky sany bilen tanyşdyrdy. Ol bu žurnalyň okyjylar köpçüligine Türkmenistan bilen, şeýle hem iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän we çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

turkmenistan-embassy-georgia-media-briefing (5).jpg

Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Ol Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem wajyp meseleleri özara ynanyşmagyň, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm guraldygyny belledi.

turkmenistan-embassy-georgia-media-briefing (1).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026