HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“China Media Group”-yň gala-konserti At ýylyny uly şowhun bilen garşylap, dünýäniň tomaşaçylaryny birleşdirdi

Fewral 17, 2026 | 21:37 |4984
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň “China Media Group” media topary At ýylynyň ýetip gelmegine bagyşlanan 2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň gala-konsertini geçirdi we ýaýlyma berdi. Pekin wagty bilen sagat 20:00-da başlanan dört sagatlyk şowhun tutuş dünýädäki tomaşaçylary bir ýere jemledi.

Maksatnama Pekiniň baş meýdançasynda geçirildi, şol bir wagtda ýurduň dürli künjeklerindäki goşmaça dört sany sahnada hem çykyşlar guraldy. Olaryň hataryna «buzly şäher» hökmünde tanalýan Harbin, resmi däl ýagdaýda «dünýä supermarketi» diýen ada eýe bolan Iu, ylmy-tehniki innowasiýalaryň merkezleriniň biri bolan Hefei, şeýle hem Ýanszy derýasynyň boýundaky gadymy binagärligi we gözel tebigaty bilen meşhur Ibin şäherleri girdi. Şowhunyň dürli sebitlerde geçirilmegi eýýäm durnukly däbe öwrülip, ýurduň medeni dürlüligini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Konsert «At öňe çapyp barýar, saklap bolmaýan depgin» diýen şygar astynda geçdi we Hytaýyň däp-dessur medeniýetine esaslandy. Özüňi kämilleşdirmegiň hem-de ösüşe bolan ymtylyşyň nyşany bolan bedewiň keşbi çeperçilik çözgüdiniň esasy elementi boldy. Tomaşaçylara täze döwrüň ruhuny şöhlelendirýän aýdym-sazlar, tanslar, opera çykyşlary, degişme sahnalary, jadygöýlik şowhunlary we utgaşdyrylan çykyşlar hödürlendi.

Mundan başga-da, şowhun ýurduň tehnologiki ösüşini hem açyp görkezdi. Sahnada emeli aňly robotlar peýda bolup, olar çylşyrymly fiziki ukyplaryny, şol sanda kung-fu görnüşindäki durnukly çykyşlaryny görkezdiler. Şunda ilkinji gezek AIGC esasyndaky hakyky sahnalaryň ýörite öwüşgünler tehnologiýasy ulanyldy, bu bolsa maksatnamanyň iň esasy täzelikleriniň birine öwrüldi.

Bahar baýramy ýa-da hytaý Täze ýyly ýurduň esasy däp-dessur baýramy bolmagynda galýar, «Çunwan» ady bilen tanalýan gala-konserti tomaşa etmek bolsa ýüzlerçe million maşgalada dabaralaryň möhüm bölegi hasaplanýar. 1983-nji ýylda ilkinji gezek ýaýlyma berilenden bäri, bu maksatnama «Guinness World Records» tarapyndan dünýäde iň köp tomaşa edilýän her ýylky tele-şou hökmünde ykrar edildi. Bahar baýramynyň özi bolsa 2024-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026