HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat saglygy goraýyş howpsuzlygy boýunça ählumumy dialogyň merkezine öwrüldi

Fewral 16, 2026 | 19:45 |5745
16-njy fewralda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda ýokary derejeli dialog öz işine başlady. Serhetleriň biologik howplary saklap bilmeýän döwründe lukmançylyk halkara syýasatynyň möhüm guralyna öwrülýär16-njy fewralda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda ýokary derejeli dialog öz işine başlady. Serhetleriň biologik howplary saklap bilmeýän döwründe lukmançylyk halkara syýasatynyň möhüm guralyna öwrülýär
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy fewralda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda ýokary derejeli dialog öz işine başlady. Serhetleriň biologik howplary saklap bilmeýän döwründe lukmançylyk halkara syýasatynyň möhüm guralyna öwrülýär.

Şeýle forumyň Aşgabatda geçirilmegi çuňňur simwoliki ähmiýete eýedir. GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Türkmenistan sebitde täze howpsuzlyk binýadyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär, bu ýerde iň esasy ileri tutulýan ugur diňe ykdysadyýet däl, eýsem kşpçülikleýin immunitetdir.

“Global Health Diplomacy” — bu näme?

Eger öňler diplomatiýa serhetler we serişdeler bilen meşgullanýan bolsa, XXI asyrda “saglygy goraýyş diplomatiýasy” diýen adalga peýda boldy. Bu jemgyýetçilik saglygynyň, halkara gatnaşyklarynyň we hukugyň çatrygyndaky ugurdyr.

Munuň düýp manysy örän ýönekeý: wiruslar serhetde pasport görkezmeýärler. Şonuň üçin häzirki wagtda islendik ýurduň howpsuzlygy goňşy ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň açyklygyna we netijeliligine gönüden-göni baglydyr. Mähri Bäşimowanyň belleýşi ýaly, bu dialog — diňe tejribe alyşmak däl, eýsem “bitewi ynam platformasyny”döretmekdir.

ashgabat-global-health-diplomacy-dialogue (1).jpg

BMG-den, BSGG-den, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Ermenistandan gelen gatnaşyjylar ylmy dünýäde “One Health” (Bitewi saglyk) diýlip atlandyrylýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu konsepsiýa adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny öňe sürýär.

Dialogyň esasy ugurlary

Standartlaryň utgaşdyrylmagy: Adatdan daşary ýagdaýlarda dürli ýurtlardan gelen lukmanlaryň bir dilde gürleşmegini üpjün etmek.

Halas ediş logistikasy: Lukmançylyk maglumatlarynyň we serişdeleriň çalt alyş-çalşygy üçin GDA-nyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak.

Işgärleri taýýarlamak: Saglygy goraýyşyň bähbitlerini iň ýokary syýasy derejede wekilçilik edip bilýän hünärmenleriň — lukmançylyk diplomatlarynyň sebitleýin mekdebini döretmek.

ashgabat-global-health-diplomacy-dialogue (3).jpg


Arkalaşygyň çäginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilen 2026-nji ýylda GDA-da başlyklyk etýän Türkmenistan moderator wezipesini öz üstüne alýar. Bu ýumşak güýjüň iş ýüzündäki görnüşidir: ýurt ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň derwaýyş konsepsiýalaryny hödürleýär. Lukmanlar bilen diplomatlar bilelikde işleşenlerinde, “durnukly ösüş” diňe bir şygar bolman, eýsem millionlarça adam üçin hakyky galkana öwrülýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026