HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň “kaýdzeni” türkmen hakykatynda — gazhimiýadan medeniýete we ýaşlaryň bilimine çenli

Fewral 15, 2026 | 17:25 |31145
Diplomatik senenamada fewral aýratyn waka — Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan güni bilen bellenilýär. 13-nji fewralda Aşgabatda geçirilen kabul edişlik diňe bir däp-dessura hormat bolman, eýsem iki ýurduň gatnaşyklaryndaky “altyn ýylyň” täsirli jemlemesi hem-de 2026-njy ýylda täze giň gerimli taslamalar üçin başlangyç nokady boldyDiplomatik senenamada fewral aýratyn waka — Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan güni bilen bellenilýär. 13-nji fewralda Aşgabatda geçirilen kabul edişlik diňe bir däp-dessura hormat bolman, eýsem iki ýurduň gatnaşyklaryndaky “altyn ýylyň” täsirli jemlemesi hem-de 2026-njy ýylda täze giň gerimli taslamalar üçin başlangyç nokady boldy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 15-nji fewral | ORIENT. Diplomatik senenamada fewral aýratyn waka — Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan güni bilen bellenilýär. 13-nji fewralda Aşgabatda geçirilen kabul edişlik diňe bir däp-dessura hormat bolman, eýsem iki ýurduň gatnaşyklaryndaky “altyn ýylyň” täsirli jemlemesi hem-de 2026-njy ýylda täze giň gerimli taslamalar üçin başlangyç nokady boldy.

Şahsy ynam diplomatiýasy

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi gutlag çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň arasynda bir ýylyň dowamynda iki duşuşygyň (2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda) geçirilendigini — muňun özi bolsa “seýrek ýagdaýdygyny” belläp geçdi. Gündogar diplomatiýasynda şeýle ýokary derejeli gatnaşyklaryň ýygylygy aýratyn ynamyň nyşany hasaplanýar.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (1).jpg

Şeýle binýat ýurtlara ýönekeý hyzmatdaşlykdan “intellektual infrastruktura” döretmäge geçmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow kabul edişlikde çykyş edip, häzirki wagtda türkmen-ýapon dialogynyň durnukly ulgam hökmünde hereket edýändigini, liderleriň syýasy erkiniň ägirt uly zawodlara, ýokary tehnologiýaly toplumlara we bilim maksatnamalaryna öwrülýändigini belledi.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (3).jpg

Işewürlik kody: himiýadan kwant datçiklerine çenli

Türkmenistanda ýapon işewürligi köpden bäri diňe enjam üpjün ediji bolmakdan galdy. “Itochu, Mitsubishi Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Sumitomo Corporation” ýaly kompaniýalar ýurduň senagat keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gyýanlydaky karbamid öndürýän täze zawodyň düýbüniň tutulmagy munuň nobatdaky mysalydyr.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (2).jpg

Muňa garamazdan, hyzmatdaşlygyň ugry “ýaşyl” we ýokary tehnologiýaly gün tertibine tarap süýşýär. Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy kabul edişligi guramagy taýýarlap duran mahaly, Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda diplomatlaryň iş stollarynda eýýäm ertiriň taslamalary ýatyrdy.

Kwant tehnologiýalary: “Sustec we Carbon Cryo Capture Co., Ltd” kompaniýasy ýerasty baýlyklary gözlemek üçin kwant datçiklerini ornaşdyrmak we kömürturşy gazyny tutmak tehnologiýalary boýunça dilogy alyp barýar.

Ekologiýa we suw: Ýaponiýanyň “Tohkemy Corporation” suw arassalaýyş ulgamlary boýunça çözgütleri taýýarlaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň giň möçberli ýaşyl zolaklary döretmek we ekologik maksatlaryna laýyk gelýär.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (5).jpg

“Ganatly bedewler” we bilimiň ýapon tejribesi

Gatnaşyklaryň medeni ugry şu ýyl aýratyn, diýen ýaly syrly häsiýete eýe boldy. Kabul edişligiň dowamynda, hususan-da tematiki wiktorinanyň dowamynda Tokionyň ippodromyndaky ahalteke bedewiniň bürünç heýkeli ýatlanyldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýaponiýanyň merkezindäki bu ýadygärlik dostlugyň janly nyşany hökmünde kabul edilýär.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (8).jpg

Emma iň geň galdyryjy zat auditoriýalarda bolup geçýär. Siz bilýärdiňizmi, Türkmenistanda her 500 ýaşaýjydan biri ýapon dilini öwrenýär? Bu 15 müňden gowrak adam — mekdep okuwçylary we talyplar. Sindzo Abeniň 2015-nji ýylda amala şyran saparyndan bäri “ýapon stiline” — diňe dilde däl, eýsem zähmete we tertip-düzgüne bolan çemeleşmede hem meşhurlyga eýe boldy

Aşgabatda ýapon ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Ýasunari Kawabata hormatyna ýadygärlik bar. Şeýle-de Tokio we Tsukuba şäherleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleşdirilýär.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (9).jpg

2026-njy ýyla göni uçar gatnawy: logistikanyň ýakynlaşmagy

Aşgabat — Narita ugry boýunça göni howa gatnawynyň açylmagy ýylyň esasy garaşylýan wakalarynyň biridir. Bu diňe syýahatçylyk meselesi däl. Ýaponiýaly maýadarlar üçin bu birnäçe sagadyň içinde Merkezi Aziýa tehniki hünärmenleri we elektronikany getirmäge mümkinçilik berýän fiziki köpri” bolar. Narita bilen baglanyşykly düzgünnamalar boýunça işler jemleýji tapgyra ýetdi — 2026-njy ýylda ilkinji yzygiderli gatnawyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (7).jpg

Osakadan Ýokohama çenli: gözýetim 2027

Osakadaky “Expo 2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň üstünligi uly waka boldy — ony 2 milliondan gowrak adam baryp gördi. Ýöne Aşgabat eýýäm gözýetimden uzaklara seredýär. Indiki iri çäre — Ýokohamada geçiriljek GREEN×EXPO 2027 halkara bagbançylyk sergisidir.

Bu serginiň “Bagt üçin geljegiň tebigaty” diýen temasy Türkmenistanyň 3 million bag nahallary ekmek baradaky karary bilen sazlaşýar. Türkmenistan sähralygyň gyrasynda tebigat bilen senagatyň täze pudaklarynyň sazlaşygynyň nädip döredilýändigini dünýä görkezmäge taýýarlanýar.

turkmenistan-japan-strategic-partnership-2026 (6).jpg

Üýtgeşmeleriň pelsepesi we “kaýdzen”

Kaýdzen ýapon dilinden terjime edilende “gowulyga tarap üýtgeşme” ýa-da “üznüksiz kämilleşme” diýen manyny berýär. Bu diňe bir işwürligi dolandyryş usuly däl, eýsem her günki yhlasly ädimleriň uly üstünliklere eltýändigi baradaky pikire esaslanýan durmuş pelsepesidir.

Näme üçin bu konsepsiýa häzirki zaman türkmen hakykatlaryna şonuň ýaly organiki görnüşde laýyk geldi? Jogap manylaryň bir-birine gabat gelmeginde gizlenýär. Häzirki wagtda Türkmenistan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda: her täze zawod, her ekilen bag nahaly, her öwrenilen daşary ýurt dili — bu hem “kaýdzeniň” ýüze çykmasydyr. Bu, ýapon sabyrlylygyny we haýran galdyryjy ussatlygyny türkmen halkynyň çuňňur paýhasy we häzirki zaman döredijilik gerimi bilen birleşdirýän tutanýerlilikdir.

“Akylly” şäherleri gurmak, ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny çekmek arkaly biz diňe tebigaty üýtgetmeýäris — geljek nesiller üçin ýaşaýyş gurşawyny yzygiderli kämilleşdirýäris. Şeýlelikde, tehnologiýa bilen tebigatyň sazlaşygyna ymtylyşda Ýaponiýa Türkmenistan üçin diňe hyzmatdaş däl, eýsem pikirdeş ýurt bolup galýar we onuň bilen “bagt üçin geljegiň tebigatyny” döredýäris.


34 ýylyň dowamyndaky diplomatik gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýa özara gyzyklanmadan çuň tehnologik we aň-bilim integrasiýasyna çenli ýol geçdi. Bu gün Aşgabadyň köçelerinde ýapon awtoulaglaryny görmek adaty ýagdaý bolsa, ertir depginden çen tutup, sebitdäki köp sanly innowasion taslamalar Made in Japan — Designed for Turkmenistan” hil nyşanyny göterer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026