HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Täze ýyly Dubaý şäherindäki Expo City-de giň gerimli ýöriş bilen bellenildi

Fewral 14, 2026 | 18:37 |5165
Çeşme: orient.tm

Expo City Dubai sergi toplumynda Hytaý Täze ýyly mynasybetli uly göwrümli ýöriş geçirildi. Maksatnama däp bolan halk çykyşlaryny hem-de häzirki zaman tehnologik görkezilişlerini birleşdirip, baýramçylygyň medeni köpdürlüligini we halkara häsiýetini açyp görkezdi.

Tomaşaçylar «Gahrymanyň aýdymy» hökmünde tanalýan Inge tansyny, şeýle hem aždarha we ýolbars tanslaryny synladylar. Şol bir wagtda tans edýän robotlar we uçarmansyz ulaglar ýaly ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalar görkezildi. Çykyşlara Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli ýedi emirliginden gelen wekiliýetleriň gatnaşmagy çärä aýratyn dabaralylyk we täsirli görnüş berdi.

Şol bir wagtda baýramçylyk bazary hem işleýärdi; onda myhmanlara hytaý aşhanasynyň tagamlary we medeni ussatlyk sapaklary, şol sanda hatdatlyk sungaty hem-de däp bolan kagyz kesme sungaty hödürlendi. Tehnologik çözgütleriň görkezilişleri köpçüligiň uly gyzyklanmasyny döretdi, myhmanlar bolsa robototehnikanyň mümkinçilikleri bilen işjeň tanyşdylar.

Hytaýyň Dubaýdaky baş konsuly Ou Bosýan milli medeniýet bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşmagynyň medeni mirasy aýratyn-da ýaşlar üçin has elýeterli edýändigini we onuň wagyz edilmeginiň mümkinçiliklerini giňeldýändigini aýtdy.

Baýramçylyk döwründe 2026-njy ýylyň Bahar baýramy mynasybetli China Media Group tarapyndan taýýarlanan dabaraly konsert barada wideo şekiller, şeýle hem «Hytaý filmleri bilen Hytaýa syýahat» başlangyjynyň gysga göwrümli filmi görkezildi. Myhmanlar üçin mediagurama degişli pawilýon açylyp, onda dabaraly konsertiň maksatnamalary we medeni-döredijilik önümleri tanyşdyryldy. Pawilýona Dubaýyň patyşa maşgalasynyň wekili hem baryp gördi.

Müsürden gelen myhman Hoda Ara Bahar baýramynyň çuňňur däpleri we şatlykly ruhy özünde jemläp, dürli medeniýetleriň adamlaryny birleşdirýändigini belledi. Şu ýyl baýramçylyk 17-nji fewrala gabat gelip, hytaý täleýnamasy boýunça Ýylky ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

18:30 Oktýabr 10, 2026
Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

17:30 Oktýabr 10, 2026
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026