Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň şygary tanyşdyryldy


2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar boýunça täjik jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ýaşlar we sport baradaky komitetiň işgärleri, atçylyk pudagynyň hünärmenleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar, intelligensiýa wekilleri hem-de ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň we durnukly ösüşiniň esasy hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda gazanan üstünliklerine hem-de türkmen halkynyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň nyşanlaýyn keşbine aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri türkmen sungatynyň ajaýyp ugurlarynyň biri hökmünde UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem "Galkynyş" milli atly toparynyň halkara ýaryşlarynda gazanan ýeňişleriniň ahalteke atçylyk sungatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydygy aýdyldy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.

Çäräniň çäklerinde ilçihananyň binasynda fotosergi we kitap sergisi guraldy. Myhmanlara ahalteke bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, çeper fotosuratlar, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan tematik ekspozisiýa görkezildi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.









