HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň düzüminde giň gerimli üýtgeşmeleri geçirdi

Fewral 13, 2026 | 23:35 |35872
2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hökümetiň düzümini düýpli üýtgedýän möhüm kararlar bilen tapawutlandy2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hökümetiň düzümini düýpli üýtgedýän möhüm kararlar bilen tapawutlandy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 13-nji fewral | ORIENT. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hökümetiň düzümini düýpli üýtgedýän möhüm kararlar bilen tapawutlandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň düzüminde düýpli üýtgeşmeler boldy:

Nebitgaz toplumy: Ykdysadyýetiň ýüregi bolan nebitgaz pudagyna Guwanç Agajanow (“Türkmennebit” DK-niň başlygy) ýolbaşçy boldy. Ol bu wezipede Batyr Amanowyň ornuny eýeledi. Şeýle hem Aşyrguly Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşaldy.

Ulag we aragatnaşyk: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýewiň ornuna Batyr Annaýew bellenildi.

Durmuş ulgamy: Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy boýunça işlere indi Batyr Mämmedow (ozal Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory bolup işlän) gözegçilik eder. Ol Baýramgül Orazdurdyýewanyň ornuna geçdi.

Täze ministrler we pudak ýolbaşçylary

Prezident Serdar Berdimuhamedow diňe bir wise-premýerleriň düzümini täzelemän, eýsem ýurduň ýol düzümine jogap berýän täze edaranyň döredilýändigini hem tassyklady.

Esasy gurluş täzeligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini ýatyrylyp, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň döredilmegi boldy. Bu ädim ýurduň sebitiň esasy ulag merkezleriniň biri hökmünde ornuny nygtaýar. Täze ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine Hangeldi Kerimow bellenildi. Döwlet Baştutany şeýle hem degişli ugurlar boýunça tejribeli orunbasarlary ýolbaşçy wezipelere belledi.

Saglygy goraýyş: Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadylyp, bu wezipä ozal saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Myratberdi Gaýypow bellenildi.

Ekologiýa: Daşky gurşawy goramak ministri wezipesine ozal şol ministrlikde orunbasar bolup işlän Öwezgeldi Goşjanow bellenildi.

Himiýa: “Türkmenhimiýa” DK-niň başlygy wezipesine ozal Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary bolup işlän Resul Myradow bellenildi.

Azyk senagaty: Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Baýramdurdy Tejenow bellenildi.

Täze bellenenleriň köpüsi öz pudaklarynda kemala gelen hünärmenler bolup, bu ýagdaý uýgunlaşma döwrüni gysgaldýar we hökümetiň işini bökdençsiz dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026