ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady
Merkezi banklaryň kararlary ykdysady ösüşi goldamak bilen inflýasiýany gözegçilikde saklamagyň arasynda deňagramlylygy tapmagyň zerurdygyny görkezýär. ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy 2026-njy ýyldaky aralyk saýlawlara bir hepdeden hem az wagt galanda esasy göterim derejesini üýtgetmezlik kararyna geldi.
Çarşenbe güni Açyk bazar amallary boýunça federal komitet (FOMC) federal gaznalar boýunça göterim derejesiniň maksatly aralygyny 3,75–4 göterim derejesinde saklady.
Komitetiň beýanatynda ykdysady işjeňligiň güýçli depginde ösmegini dowam etdirýändigi bellenildi. Ýurtdaky içerki çykdajylar durnukly bolmagynda galýar, zähmet öndürijiliginiň ösüşi ýokary depginde dowam edýär, maýa goýumlary bolsa uly möçberde amala aşyrylýar. Täze iş orunlarynyň sany işçi güýjüniň ösüş depginine laýyk gelýär, işsizlik derejesinde bolsa düýpli üýtgeşme ýok.
Şol bir wagtyň özünde inflýasiýa ýokary bolmagynda galýar. Komitet pul-karz syýasatynyň geljekki ugruny kesgitlemek we inflýasiýany bellenen 2 göterimlik maksada wagtynda gaýtarmak üçin goşmaça maglumatlaryň zerurdygyny nygtady. FOMC bank ulgamynda ýeterlik ätiýaçlyklary saklamak syýasatyna hem ygrarlydygyny tassyklady.
Komitetiň 12 agzasynyň onusy göterim derejesini üýtgetmezlik üçin ses berdi, iki agzasy bolsa ony ýokarlandyrmagy goldady.
CCTV+ habar bermegine görä, Federal ätiýaçlyk ulgamynyň bu karary ykdysady işjeňligiň durnuklylygyna we inflýasiýa basyşynyň dowam etmegine garamazdan, pul-karz syýasatynda seresaply çemeleşmäniň saklanýandygyny görkezýär.








