Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary derejeli wezipeli adamlaryň ilkinji duşuşygy APEC-de «Hytaý ýylynyň» açylyşyny alamatlandyrdy

Fewral 12, 2026 | 20:45 |4342
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň ilkinji duşuşygy 1–10-njy fewral aralygynda Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde geçirildi. Bu çäre APEC çäklerinde «Hytaý ýylynyň» resmi başlangyjyny alamatlandyrdy.

Başlyklyk edýän ýylyň ilkinji iri çäresi hökmünde bu duşuşyk APEC-iň ähli gurallarynyň doly derejede işe başlamagyna ýol açdy we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň çaltlaşandygyny görkezdi.

«Duşuşygyň dowamynda taraplar Aziýa-Ýuwaş ummany bilelikdäki abadançylyk jemgyýetini döretmek temasy hem-de üç ileri tutulýan ugur — açyklyk, innowasiýalar we hyzmatdaşlyk boýunça çuňňur pikir alyşdylar. Birnäçe iş meýilnamalary hödürlenildi. Ýokary derejeli wezipeli adamlar hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaýa işjeň goldaw bildirip, APEC-de “Hytaý ýylynyň” netijeli geçmegi üçin taýýardyklaryny tassykladylar» — diýip, 2026-njy ýylyň APEC ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň duşuşygynyň başlygy Çen Sýuý aýtdy.

Hytaý APEC-i eýýäm üçünji gezek kabul edýär we bu soňky 12 ýylyň dowamynda ilkinji gezekdir. Bu döwürde gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleri durnukly ösüş görkezdi. Olar dünýä ilatynyň takmynan 40 göterimine, dünýä jemi içerki önüminiň 60 göteriminden gowragyna we dünýä söwdasynyň ýarysyna golaýyna eýedir. Bu ýagdaý Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň dünýä ykdysady ösüşiniň merkezleriniň biri hökmünde ornuny güýçlendirýär.

Sebit sanly döwrüň täzeliklerini işjeň özleşdirýär. Internetiň ornaşmak derejesi 52 göterimden tas 90 göterime çenli ýokarlandy. Sanly ykdysadyýet, emeli aň we elektromobil önümçiligi ösdürilýär, bu bolsa sebitin dünýä innowasion ösüşiniň merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitýär.

Şol bir wagtyň özünde global näbellilikleriň şertlerinde sebit täze kynçylyklara hem duçar bolýar. Şeýle şertlerde halkara jemgyýetçiligi 2026-njy ýylda Hytaýyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlyga täze itergi bermegine garaşýar.

«Dünýä çalt hem-de öňünden çaklap bolmaýan üýtgeşmeler döwrüni başdan geçirýär. Biz aragatnaşyklary we ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmeli, geljek nesliň öňünde jogapkärçilik çekmelidiris. Biz Hytaýyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde erkin söwda boýunça ylalaşygy ilerletmegini goldaýarys. Söwda bizi birleşdirýär we biz söwda-ykdysady ösüşi üpjün etmekde Hytaýy goldaýarys» — diýip, Tailandyň APEC-däki ýokary derejeli wekili Rujikorn Saýengçantr aýtdy.

«Proteksionizm we birtaraplaýyn hereketler diňe APEC üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem kynçylyk döredýär. APEC işewür toparlarynyň dialogy we hyzmatdaşlygy üçin meýdança döredýär hem-de köp taraplaýyn çemeleşmäniň möhümdigini görkezýär» — diýip, APEC-iň Ykdysady komitetiniň başlygy Din Gorong belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026