HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi hem-de Nikol Paşinýany «Adamzadyň doganlygy ugrundaky» baýragy bilen gutlady

Fewral 08, 2026 | 21:28 |7026
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy diňe Günorta Kawkaz sebiti üçin däl, eýsem bütin ählumumy diplomatiýa üçin hem möhüm waka boldyAzerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy diňe Günorta Kawkaz sebiti üçin däl, eýsem bütin ählumumy diplomatiýa üçin hem möhüm waka boldy
Çeşme: president.az

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy diňe Günorta Kawkaz sebiti üçin däl, eýsem bütin ählumumy diplomatiýa üçin hem möhüm waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň gatnaşyjylaryna wideoýüzlenme iberdi. Onda iki ýurduň Liderleriniň uzak möhletli ylalaşyga ýetmekdäki aýratyn orny nygtalýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ilham Aliýewiň we Nikol Paşinýanyň ýokary jogapkärçiliginiň hem-de paýhasynyň sebitde durnuklylygyň esasy şertine öwrülendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriň belleýşi ýaly, bu karar Türkmenistanyň başlangyçlarynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi hut 2025-nji ýyl BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

“Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy, ylalaşygy gazanmak boýunça möhüm çözgütleriň hut Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilmegi uly taryhy ähmiýete eýedir — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde, bu ýakynlaşmada diňe syýasy däl, eýsem güýçli ykdysady mümkinçilikleri hem görýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri parahatçylykly dialogyň Hazar bilen Kawkaz sebitlerini baglanyşdyrjak iri möçberli täze infrastruktura we ulag taslamalaryna badalga berjekdigine ynam bildirdi.

Habara aýratyn duýguly öwüşgin berýän zat bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň esaslandyryjysy baradaky ýatlamalary boldy:

“Şeýh bin Zaýed beýik adamdy. Maňa-da ençeme gezek onuň bilen bir supranyň başynda parahatçylyk barada söhbet etmek miýesser edipdi” — diýip Türkmenistannyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we onuň adyny göterýän baýragyň hoşniýetli goňşuçylyk gymmatlyklaryny öňe sürmekde ruhlandyryjy güýçdigini aýtdy.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz abraýyna we araçylyk tejribesine daýanmak bilen, parahatçylyk başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassykla

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026