HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Pekinde Täze ýyl kabul edişligini geçirdi

Fewral 07, 2026 | 20:19 |4470
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň penşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2026-njy ýyl mynasybetli Täze ýyl resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi. Kabul edişlige Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Ýi ýolbaşçylyk etdi. Bu çärä daşary ýurtlaryň Hytaýdaky diplomatik wekilleri, akkreditasiýadan geçirilen halkara guramalaryň wekilleri hem-de Hytaý hökümetiniň resmi wekilleri bilen birlikde, jemi 500-e golaý adam gatnaşdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Syýasy býurosynyň agzasy Wan Ýi öz çykyşynda, 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelendigini belledi. Ol dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, Hytaýyň diplomatiýa ýörelgelerine ygrarly bolmagyny dowam etdirendigini we halkara tertibiniň ösüşine itergi bermek maksady bilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny öňe sürendigini belledi.

Wan Ýi Hytaý döwletiniň halkara adalatlylygyny goldamakdaky ornuny, şeýle hem adamzadyň umumy geljekli jemgyýeti gurmak ugrunda yzygiderli tagallalaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Ol üýtgäp duran halkara şertlerinde Hytaýyň parahatçylygy, kanunyň hökmürowanlygyny, aç-açanlygy, ösüşi we dostlukly gatnaşyklary goramak ugrunda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Hytaýdaky diplomatik toplumyň dekany we Kamerunyň Hytaýdaky ilçisi Martin Mpana Hytaýyň 2025-nji ýyldaky diplomatik üstünliklerine ýokary baha berip, Ählumumy dolandyryş başlangyjynyň parahatçylyk we ösüş üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Ol özara düşünişmegi we umumy abadançylygy pugtalandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Portugaliýanyň ilçisi Paulo Žorže Nasimentu, Birleşen Milletler Guramasynyň Hytaýdaky hemişelik utgaşdyryjysy Siddhart Çatterji we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Dewid Perdýu Hytaýyň halkara ulgamynda tutýan beýik ornuna ynam bildirdiler. Diplomatlar 2026-njy ýylyň At ýyly hökmünde hem-de Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň başlanýan ýyly hökmünde uly mümkinçilikleri açjakdygyny bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026