HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Hytaýda 25 million 745 müň sany täze bazar subýektleri hasaba alyndy

Fewral 06, 2026 | 18:45 |3798
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň penşenbe güni Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirliginiň beren maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 25 million 745 müň sany täze bazar subýektleri hasaba alyndy we işleýän kärhanalaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9.8% köpeldi.

Bu san ykdysady öňegidişligiň tapgyrlaýyn gazanylmagyny we mikroykdysady binýadyň pugtalanmagyny görkezýändir.

Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi adalatsyz bäsdeşlige garşy tagallalary güýçlendirdi, bahalary bolmalysyndan pes goýmak we döwlet tarapyndan berlen goldawdan nädogry peýdalanmak bilen baglanyşykly 14600 sany işler derňeldi we çözgüt çykaryldy. Şeýle hem, häkimiýetler kiçi we orta kärhanalary we sarp edijileri goraýan hem-de bazar gurşawyny gowulandyrýan “diňe yzyna gaýtarmak” syýasaty we “hökmany gaýtarmak ätiýaçlandyrmasy” bilen baglanyşykly hyýanatçylykly we bikanun hereketleri üns merkezinde sakladylar.

Senagatda ýüze çykýan päsgelçilikleri çözmek üçin düzgünleşdirijiler elektromobiller we awtoulag çipleri ýaly ugurlarda standartlar we tehniki güwänamalary berdiler, bu bolsa tehnologik öňegidişliklere we täzelenmelere itergi berdi.

“2025-nji ýylda biz kompaniýalara senagat zynjyrlaryndaky 21 sany esasy tehnologiýa päsgelçiliklerini çözmäge we 71 sany hil we tehniki boşlugy doldurmaga kömek etdik. Biz senagat we üpjünçilik zynjyrlarymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny berkitmek üçin 4929 sany milli standarty çap etdik – bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 56% ýokarydyr” diýip, Bazary düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Den Çžiýun Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026