HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Hytaý – Russiýa hyzmatdaşlygyny, dünýäde durnuklylygy berkitmäge çagyrdy

Fewral 05, 2026 | 21:00 |4362
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen göni ýaýlym arkaly geçiren duşuşygynda Hytaý – Russiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de dünýäde strategik durnuklylygy bilelikde goramaga çagyrdy.

Si Szinpin halkara derejesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde iki ýurduň adalatlylygy we deňhukuklylygy goramak, Birleşen Milletler Guramasynyň halkara ulgamy hem-de Ikinji jahan urşunyň netijelerini gorap saklamak borjunyň bardygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklara baha berip, Si Szinpin geçen ýylyň dowamynda söwda-ykdysady, medeni hem-de halklaryň arasyndaky alyş-çalyşlarda oňyn ösüşleriň gazanylandygyny aýtdy. Ol Hytaý – Russiýa gatnaşyklarynda 2026-njy ýylyň uly ähmiýetli taryhy seneleri öz içine alandygyny belläp, ýokary derejeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna çagyrdy.

Öz gezeginde Putin Russiýa bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň geljegine ynam bildirip, söwda, energetika, ylym-tehnologiýa we oba hojalygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňelýändigini, şeýle hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini aýtdy. Ol Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we BRICS ýaly halkara meýdançalarynda Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny aýdyp, Hytaýyň Aziýa – Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygyna (APEC) girýän ýurtlaryň maslahatynyň geçirilmegine goldaw bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki lider özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026