HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanyp medeni çäre geçirildi

Fewral 05, 2026 | 21:00 |8161
W.N. Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Gadam Ilamanowyň gatnaşmagynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildiW.N. Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Gadam Ilamanowyň gatnaşmagynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.)

W.N. Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Gadam Ilamanowyň gatnaşmagynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.

Bu çärä ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlar we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary ýygnandylar.

Konsul öz çykyşynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň iki sany möhüm şertini, ýagny halkyň däp-dessurlaryna gadyrly garaýşy we ýaşlaryň döredijilik ukybyny aýratyn belledi. Ol diňe bir ýokary hilli bilim almagyň däl, eýsem, öz kökleriňi ýatdan çykarmazdan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady.

В Астраханском государственном университет имени В. Н. Татищев торжественное мероприятие Консула Туркменистана в РФ Гадама Иламанова

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen tassyklanan 2026-njy ýylyň şygary, ahalteke bedewini buýsanjyň, özygtyýarlylygyň we döwletiň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwürýär. Bedew taryhyň we häzirki zaman ösüşiniň arabaglanyşygyny alamatlandyrmak bilen, Türkmenistanyň öňe tarap barýandygyny görkezýär.

Bu dabaraly çäre türkmen däp-dessurlaryny açyp görkezýän täsirli medeni çykyşlar bilen tamamlandy. Myhmanlar üçin milli saz we tans kompozisiýalarynyň baýlyklary bilen tanyşdyrýan döredijilik çykyşlary hem ýerine ýetirildi. Talyplar Watan we «behişdi» bedewler baradaky eserleri labyzly okadylar, sergi bolsa amaly-haşam sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle çäreleriň, uniwersiteti ynsanperwer gepleşikler üçin janly platforma öwürip, daşary ýurtly talyplarynyň öwrenişmeginde möhüm orun tutýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ADU bilim ulgamynda strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bu ýerde 3070-den gowrak türkmen raýatynyň bilim almagy, uniwersitetiň hünärmenleri taýýarlamakda we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmekde esasy merkezi hökmündäki ýokary derejesini tassyklaýar.

Şeýle hem şol gün Konsul uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Halypaçylyk we watansöýüjilik ruhunda geçen söhbetdeşligiň dowamynda Gadam Ilamanow kanunçylygy berjaý etmegiň wajypdygyny ýatladyp, ýokary okuw mekdebiniň medeni we sport durmuşyna hem işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

В АГУ имени Татищева было организовано торжественное мероприятие посвященное девизу 2026 года

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026