HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we Urugwaý dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Fewral 03, 2026 | 19:06 |4009
Çeşme: orient.tm

Hytaý bilen Urugwaý söwda, innowasiýa we täze ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsiniň Hytaýa ýedi günlük döwlet saparyna gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýetiň agzasy, Urugwaý – Hytaý Söwda Palatasynyň ýolbaşçysy Nikolas Potri habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrylýan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir we bu sapar 7-nji fewrala çenli dowam eder.

China Global Television Network (CGTN) halkara media guramasy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Nikolas Potri Hytaý döwleti Urugwaýyň iň uly söwda hyzmatdaşydygyny we esasy eksport bazarydygyny belläp, iki ýurduň ykdysadyýetleri biri-biriniň üstüni doldurýandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Urugwaýyň eksportynyň 25 göterime golaýy, esasan hem oba hojalyk önümleri Hytaýa iberilýär, Urugwaý hem öz gezeginde Hytaýdan uly möçberde harytlary satyn alýar.

Nikolas Potri Prezident Ýamandu Orsiniň bu döwlet saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berlip, diňe oba hojalyk pudagy bilen çäklendirmän, innowasiýa, täze tehnologiýalar we logistika ýaly täze ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine garaşylýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, öňki saparlardan tapawutlylykda, bu gezekki wekiliýetiň düzümine baý tejribesi bolan täze pudaklaryň wekilleri hem girýär, bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýandyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026