HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň aerobatika topary Singapur awiasiýa sergisiniň öňüsyrasynda synag uçuşyny geçirdi

Fewral 03, 2026 | 18:57 |4161
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň ýekşenbe güni Hytaý Halk Azat edijilik goşunynyň Harby-howa güýçleriniň “Baýi” aerobatik uçuş toparynyň ussat uçarmanlary Singapurda geçiriljek 10-njy Halkara awiasiýa sergisiniň öňüsyrasynda synag uçuşlaryny amala aşyrdylar.

Singapur awiasiýa sergisi 3-nji – 8-nji fewral aralygynda geçiriler. Aerobatika uçuş topary bu çärä 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek gatnaşýandyr. Şeýle hem bu uçuşlar olaryň Singapurda J-10C kysymly söweşjeň uçarlary bilen ilkinji çykyşydyr.

Synag uçuşlarynyň dowamynda toparyň alty sany J-10C uçary iki topar bolup asmana göterildi. Soňra uçarlar biri-birine golaý uçup, bilelikde deňziň üstünden birnäçe ýokary derejeli aerobatiki uçuş hereketlerini ýerine ýetirdiler. Uçuş pes belentlikde, biri-birine gysga aralykly hatarda amala aşyryldy we gyzyl, sary we ak reňkli tüsseleri goýberip, uçuşy ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

“J-10C uçarlaryna geçenimizden soň bu biziň Singapurda ilkinji çykyşymyzdyr. Alty ýyl arakesmeden soň, hünärmenlerimiz, enjamlarymyz we iş tertibimiz boýunça doly täze düzüm bilen dolanyp geldik” diýip, “Baýi” aerobatika uçuş toparynyň agzasy Lo Sze gürrüň berdi.

Awiasiýa sergisiniň guramaçylarynyň wekili aerobatika uçuş toparnyyň çykyşyna ýokary baha berip, olaryň aýratyn reňkli tüsse goýbermekleri we ussat ýerine ýetirilen çykyşlary bilen beýlekilerden tapawutlanýandygyny aýtdy.

Singapuryň, Awstraliýanyň we Indoneziýanyň aerobatika uçuş toparlary hem awiasiýa sergisiniň öňüsyrasynda özleriniň synag uçuşlaryny geçirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026