Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplaryndan ýene bir üstünlik: Bangkokda geçirilen halkara bäsleşikden ýokary sylaglar

Fewral 02, 2026 | 19:50 |5799
29-njy ýanwardan – 2-nji fewral aralygynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda ylym we tehnologiýa äleminiň iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan “Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar” (WYSII 2026) atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde türkmen ýaşlary iň ýokary baýraklara mynasyp boldular29-njy ýanwardan – 2-nji fewral aralygynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda ylym we tehnologiýa äleminiň iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan “Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar” (WYSII 2026) atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde türkmen ýaşlary iň ýokary baýraklara mynasyp boldular
Çeşme: bilim.tm

29-njy ýanwardan – 2-nji fewral aralygynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda ylym we tehnologiýa äleminiň iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan “Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar” (WYSII 2026) atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Malaziýa, Taýland, Türkmenistan, Indoneziýa, Filippin, Italiýa, Hong Kong, Gazagystan, Bangladeş, Meksika ýaly döwletlerden jemi 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy. Bu barada TBM-niň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly habar berýär.

Bäsleşikde türkmen ýaşlary iň ýokary baýraklara mynasyp boldular:

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Mekan Rozymyradow daşky gurşawy goramakda uly ähmiýeti bolan "Innovative methods for producing an environmentally friendly highly sustainable keratin-based bioplastic material" (Keratin esasynda ekologiýa taýdan arassa we durnukly bioplastik material öndürmegiň innowasion usullary) atly taslamasy bilen çykyş etdi. Ol iň ýokary baýraklar bolan "TOP 5 Awards Gold Medal" we eminleriň aýratyn sylagy bolan "Panel's Choice Award" baýraklaryna eýe boldy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow tarapyndan taýýarlanan "HeartStep - a project to help develop the first communication skills" (HeartStep – ilkinji aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge kömek edýän taslama) atly iş ýokary baha mynasyp görüldi. Olar hem öz gezeginde "Top 5 Awards Gold Medal" we taslamany iň gowy düşündirendikleri üçin "Best Presentation Award" baýraklary bilen sylaglandylar.

Şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Muhammetaly Hangeldiýew we Yhlas Kurbanow kitaplaryň hilini ýokarlandyrmaga we ýalňyşlyklary düzetmäge gönükdirilen "Observer - a project aimed at improving the quality of books and eliminating mistakes" atly taslamasyny hödürlediler. Bu innowasion taslama "Special Award" we "Gold Award” baýraklaryna mynasyp boldy.

Gazanylan bu ýeňişler Türkmenistanda bilime we ylyma berilýän uly ünsüň netijesinde ýaşlaryň innowasion başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026