HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin geljegiň pudaklaryny ösdürmekde täze öňegidişlikleri ündeýär

Fewral 02, 2026 | 20:00 |4369
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýurtda geljegiň pudaklaryny ösdürmekde artykmaçlyklardan peýdalanmaga we yzygiderli täze öňegidişlikleri gazanmagy ündedi.

Si Szinpin hepdäniň anna güni Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň toparlaýyn okuw mejlisinde çykyş etdi. Ol ylymda, tehnologiýada we senagatda bäsdeşlik artykmaçlygyny pugtalandyrmak, täze hilli öndürijilik güýçlerini ösdürmek, döwrebap senagat ulgamyny döretmek hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin geljegiň pudaklaryny ösdürmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Si Szinpin geljegiň pudaklarynyň öňden görüjilikli we strategik häsiýete eýedigini belläp, olaryň ylmy taýdan meýilleşdirilmeginiň we toplumlaýyn utgaşykly ösdürilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem geljekki, täze döreýän we adaty pudaklaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegini üpjün etmek üçin senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrdy.

Ylmy-tehnologik innowasiýanyň wajyp ornuny belläp, Si Szinpin esasy tehnologiýalar boýunça täzeçilligi gazanmak we ylymda gazanylan netijeleriň önümçilige ornaşdyrylmagyny tizleşdirmek üçin mümkinçilikleriň giňden ulanylmalydygyny aýtdy. Ol kärhanalaryň innowasiýalaryň esasy hereketlendirijisi hökmünde ornuny güýçlendirmegi we öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly kompaniýalary döretmegiň möhümdigini belledi.

Si Szinpin şeýle hem degişli syýasy goldawynyň güýçlendirilmegini, maliýe we salgyt ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini, ylmy-tehnologiki maliýäniň ösdürilmegini hem-de işgärleri taýýarlamak işlerine bat bermelidigini nygtady. Ol ösüş bilen howpsuzlygyň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmegiň we halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, ýolbaşçylary öňdebaryjy tehnologiýalar we ählumumy ösüş ugurlary boýunça bilimlerini artdyrmaga çagyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026