HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpiniň Hytaýyň maliýe kuwwatyny pugtalandyrmak baradaky makalasy çap edildi

Fewral 02, 2026 | 19:20 |4431
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpiniň Hytaýa mahsus özboluşly maliýe ösüş ýoluny ilerletmek we ýurduň maliýe kuwwatyny pugtalandyrmak baradaky makalasy hepdäniň ýekşenbe güni çap edildi.

Şol makala Si Szinpiniň awtorlygynda, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş neşiri bolan Çýuši žurnalynyň şu ýylyň üçünji sanynda ýerleşdirildi.

Makalada bellenilişine görä, Hytaýyň maliýe ösüş modeli häzirki zaman maliýe ösüşiniň umumy ugurlaryna laýyk gelmek bilen bir hatarda, ýurduň milli aýratynlyklaryny nazara alýar we Günbatar ýurtlarynyň maliýe modellerinden tapawutlanýar. Maliýe taýdan kuwwatly döwlet berk ykdysady binýada, ýokary derejeli ykdysady, ylmy-tehnologik we umumy milli güýje esaslanmalydyr.

Şeýle hem, güýçli pul birligi we merkezi bank, ygtybarly maliýe edaralary, halkara maliýe merkezleri, berk maliýe gözegçiligi hem-de ýokary hünärli maliýe işgärleri ýaly esasy maliýe düzümleriniň möhümdigi nygtalýar.

Makalada Hytaýyň özboluşly aýratynlyklaryna eýe bolan häzirki zaman maliýe ulgamyny döretmegiň zerurlygy aýratyn bellenilýär. Munuň üçin ylmy esasly maliýe düzgünleşdirme ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebäp maliýe bazarlaryny ösdürmek, özara utgaşykly maliýe edaralaryň ulgamyny döretmek, doly gözegçilik usullaryny ýola goýmak, dürli maliýe hyzmatlaryny giňeltmek hem-de howpsuz maliýe infrastrukturasyny gurnamak zerurdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026