HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Fewral 02, 2026 | 17:05 |3625
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de “Watan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de “Watan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi
Çeşme: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de “Watan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň maksady eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek bolup durýar.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler.

Hödürlenjek eserleriň mazmuny

  • ýurdumyzda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen işler

  • Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy

  • her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy

  • “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly.

Hödürlenjek eserleri “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigine” diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabryna çenli ibermeli.

Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary, baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 38-61-05, 38-61-07, 38-61-16, 38-61-17, 39-84-30.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026