Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidenti saýlandy

Fewral 01, 2026 | 12:10 |4010
Saýlawlar Aziýanyň 45 döwletiniň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen AOG-nyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirildiSaýlawlar Aziýanyň 45 döwletiniň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen AOG-nyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirildi
Çeşme: açyk çeşmeler

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş Assambleýasy geçirildi. Onuň jemleri boýunça guramanyň täze prezidenti wezipesine Katar döwletinden şeýh Joaan bin Hamad Al Tani saýlandy. Şeýlelikde, ol 1913-nji ýylda Aziýada ilkinji köpugurly sport oýunlarynyň geçirilmeginden bäri AOG-nyň 22-nji prezidenti boldy.

Saýlawlar Aziýanyň 45 döwletiniň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen AOG-nyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirildi. Mejlise Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň (ANOC) uly wise-prezidenti hem-de Katar Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesini eýeleýän şeýh Joaan bin Hamad Al Tani guramany ösdürmek boýunça öz konsepsiýasyny «Together for Asia» («Aziýa üçin bilelikde») şygary astynda hödürledi. Ol ileri tutulýan ugurlar hökmünde Aziýada sportuň ösüşini we agzybirligini berkitmegi, sport üstünliklerini goldamagy, dolandyryşda adalatlylyk ýörelgelerini ilerletmegi, innowasiýalary jogapkärçilikli ornaşdyrmagy, şeýle hem AOG-nyň çäreleriniň we maksatnamalarynyň durnuklylygyny, inklýuziwligini we aç-açanlygyny üpjün etmegi belledi. Şeýle-de Aziýanyň halkara derejesindäki wekiliýetini giňeltmäge, sebitiň bähbitlerini öňe sürmäge, sportuň parahatçylygyň, özara hormatyň we medeni dialogyň umumy dili hökmünde ornuna aýratyn üns beriljekdigi nygtaldy.

Wekilleriň öňünde çykyş edip, täze prezident Aziýanyň köpdürlüliginiň onuň esasy artykmaçlygy bolup durýandygyny we agzybirlik şertinde onuň Olimpiýa hereketini ösdürmekde hem-de ýaşlary dünýä sport giňişliginde goldamakda täze mümkinçilikleriň çeşmesine öwrülip biljekdigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri iň uzak dowam eden tapgyr

Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri iň uzak dowam eden tapgyr

15:50 Iýul 27, 2026
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

14:30 Iýul 27, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026