HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “2028-nji — Halkara hukugyň ýylyna” taýýarlyk işlerine başlaýar

Ýanwar 30, 2026 | 23:45 |5557
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasy barada giňişleýin hasabat berdi. Bu ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldiAnna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasy barada giňişleýin hasabat berdi. Bu ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 30-njy ýanwar | ORIENT. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasy barada giňişleýin hasabat berdi. Bu ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda teklip edilen bu başlangyç häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmegi maksat edinýär.

BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk. Aşgabat bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça esasy hyzmatdaş hökmünde BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini kesgitledi. Iş prosesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Kararnamanyň taslamasynyň hödürlenmegini we « Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýanyň işlenip taýýarlanylmagyny öz içine alar.

Hukuk sowatlylygy: orta mekdeplerden BMG-niň münberine çenli. Meýilnamanyň özboluşlylygy onuň diňe bir diplomatlara däl-de, eýsem ýaş nesle hem gönükdirilmegindedir. Türkmenistan giň gerimli bilim maksatly çäresini meýilleşdirýär.

Ýokary okuw we orta mekdeplerde BMG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça ýörite kurslar geçiriler.

Ýaşlaryň arasynda zehinli halkara hukukçylary ýüze çykarmaga gönükdirilen ylmy işler we esse bäsleşikleri guralar.

Maglumat gurşawy: DIM-iň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümi peýda bolar, onda halkara-hukuk tematikasy boýunça maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň 2028-nji ýyl boýunça başlangyjy — bu bitaraplyk syýasatyny hukuk nukdaýnazaryndan institusionallaşdyrmak synanyşygy bolup durýar. Türkmenistan howpsuzlygyň öňki arhitekturasynyň sarsgynlara sezewar bolýan şertlerinde dünýä jemgyýetçiligine esasy «oýun düzgünlerine» gaýdyp gelmegi teklip edýär. Ählumumy durnuksyzlygyň şertlerinde Aşgabat BMG-niň Tertipnamasyna we halkara konwensiýalara berk eýermekligiň ynam çökgünliginden çykmagyň ýeke-täk ýoludygyny ýatladyp, «hukuk daýanjy» hökmünde çykyş edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

22:20 Iýun 22, 2026