HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Hytaý – Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy

Ýanwar 31, 2026 | 19:45 |3975
Çeşme: orient.tm

Hytaýa resmi sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer hepdäniň anna güni Pekinde geçirilen Hytaý – Beýik Britaniýa işewürlik forumynda çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Hytaýyň Halkara Söwdany Ösdüriş Geňeşi hem-de Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan bilelikde gurnalan bu forumda 300-den gowrak wekiller, şol sanda Kir Starmeriň ilkinji Hytaý saparyna gatnaşýan 60-dan gowrak Britaniýaly işewürler we medeniýet wekilleri gatnaşdylar.

Premýer-ministr Kir Starmer, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen, şeýle hem Hytaýyň beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň “hakyky öňegidişlik” getirendigini aýdyp, taraplaryň uzak möhletleýin we durnukly giňişleýin strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Forumyň dowamynda birnäçe iri işewürlik ylalaşyklary yglan edildi. Beýik Britaniýanyň derman senagatynyň ägirdi “AstraZeneca” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Hytaýa 100 milliard ýuan (ýagny 14 milliard 390 million ABŞ dollary) möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Maýa goýumlar ylmy-barlag, önümçilik we biotehnologiýa hyzmatdaşlygyna gönükdiriler. Şeýle hem Liverpul şäheri bilen “Chery Commercial Vehicles” kompaniýasynyň arasynda, bu kompaniýanyň Ýewropada wekilçilikli edarasyny Beýik Britaniýada açmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Energetika ulgamynda, Beýik Britaniýanyň “Octopus Energy Group” kompaniýasy Hytaýyň “PCG Power” kompaniýasy bilen täze energiýa tehnologiýalary boýunça bilelikdäki kärhana döretmek barada ylalaşygyny mälim etdi.

Premýer-ministr Kir Starmeriň sapary anyk netijeler berdi: Hytaý döwleti Şotland wiskisiniň importy üçin gümrük pajyny 5 göterime çenli azaltmak kararyna geldi. Howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk döredildi, howpsuzlyk dialogy täzeden başlandy we 12 sany hökümetara hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi. Bu forumdan soň Beýik Britaniýanyň wekiliýeti Şanhaýa ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026