HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýa – Hytaý Işewürlik Geňeşi 8 ýyl arakesmeden soň işini dowam etdirýär

Ýanwar 30, 2026 | 19:35 |3388
Çeşme: orient.tm

Beýik Britaniýa – Hytaý Işewürlik Geňeşi sekiz ýyllyk arakesmeden soň Pekinde işini täzeden dowam etdirýär. Beýik Britaniýanyň 60-dan gowrak kompaniýalarynyň hem-de 50-den gowrak Hytaý kärhanalarynyň gatnaşmagynda söwda, maýa goýumlar we senagat hyzmatdaşlygy boýunça göni gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmeriň Hytaýa resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu sapar soňky sekiz ýylyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Hytaýa ilkinji resmi saparydyr.

Beýik Britaniýa – Hytaý Işewürlik Geňeşiniň ýolbaşçysy Sebastian Wud Geňeşiň täzeden işe başlamagyny ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary yzygiderli giňeýär. 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi 100 milliard ABŞ dollaryndan geçip, ýyllyk ösüş 5 göterimden ýokary boldy. Özara maýa goýumlaryň möçberi hem her tarapda 30 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Iri halkara kompaniýalar özleriniň Hytaý bazaryndaky uzak möhletleýin strategiýalaryny tassykladylar. AstraZeneca kompaniýasynyň baş direktory Paskal Soriot 2030-njy ýyla çenli Hytaýa 100 milliard ýuan (ýagny 14 milliard 380 million ABŞ dollary) möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Bu serişdeler ylmy-barlag, önümçilik we ýurt boýunça ösüş taslamalaryna gönükdiriljekdir.

Airbus we HSBC kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem Geňeşiň täzeden işe başlamagyny oňyn bellemek bilen, Hytaýyň strategik bazar hökmünde aýratyn ähmiýetiniň bardygynjy aýtdylar. Olar Premýer-ministr Kir Starmeriň bu resmi saparynyň dünýäniň ikinji we altynjy iň iri ykdysadyýetleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyny bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy

22:20 Iýun 22, 2026