Turkish Airlines Stambul – Tirana ugry boýunça uçuş tertibini hödürledi


Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul – Tirana – Stambul ugry boýunça yzygiderli gatnawlary täzeden dikeldendigini habar berdi.
Stambul bilen Albaniýanyň paýtagty Tirana şäheriniň arasynda uçuşlar hepdede 7 gezek amala aşyrylýar, bu bolsa iki şäheriň arasynda her gün howa gatnawyny üpjün edýär.
Neşir edilen tertibe görä, duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri TK1073 belgili gatnaw Stambuldan sagat 08:10-da uçup, ýerli wagt bilen Tirana sagat 07:50-de baryp ýetýär. TK1074 belgili yzyna dolanýan gatnaw Tiranadan sagat 08:40-da uçýar we Stambula sagat 12:15-de gelýär.
Sişenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günleri TK1077 belgili gatnaw Stambuldan sagat 19:50-de uçup, Tirana sagat 19:40-da baryp ýetýär. TK1078 belgili yzyna dolanýan gatnaw Tiranadan sagat 20:30-da uçýar we Stambula ertesi gün 00:20-de gelýär.
Goşmaça maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda — www.turkishairlines.com — hem-de sosial ulgamlardaky resmi hasaplarynda tapyp bolýar.
Turkish Airlines kompaniýasynyň biletlerini Aşgabat şäherindäki satuw ofisinden şu salgy boýunça satyn alyp bolýar: G. Kuliýew köçesi, 39-njy bina, Ussat binasy.
Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com
Howa gatnawlarynyň täzeden dikeldilmegi ýolagçylara saparlaryny has amatly meýilleşdirmäge we Türkiýe bilen Albaniýanyň arasynda ulag mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.








