HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Hytaý bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ýanwar 29, 2026 | 17:40 |3357
Britan hökümetiniň ýolbaşçysynyň Hytaýa sapary işewürlik, sport we medeniýet ulgamynyň 60-a golaý wekilinden ybarat wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýärBritan hökümetiniň ýolbaşçysynyň Hytaýa sapary işewürlik, sport we medeniýet ulgamynyň 60-a golaý wekilinden ybarat wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýär
Çeşme: rbc.ru

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Birleşen Patyşalygynyň milli bähbitlerine we raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Hytaý bilen strategiki hem-de yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak niýetini beýan etdi. Bu barada CCTV plus habar berýär.

Britan hökümetiniň ýolbaşçysynyň Hytaýa sapary işewürlik, sport we medeniýet ulgamynyň 60-a golaý wekilinden ybarat wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýär. Saparyň çäklerinde Kir Starmer Pekin we Şanhaý şäherlerine baryp, hytaý ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.

Premýer-ministriň bellemegine görä, Hytaý dünýä ykdysadyýeti boýunça ikinji, Beýik Britaniýanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji orny eýeleýär hem-de ýurtda takmynan 370 müň iş ornuny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Pekin bilen hyzmatdaşlyk britan ykdysadyýeti we raýatlary üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Kir Starmer täze hyzmatdaşlygyň häzirki zaman şertlerine laýyk, pragmatik we durnukly bolmalydygyny, öňki hökümetleriň döwründe ýüze çykan yzygiderliligiň ýoklugyny aradan aýyrmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Beýik Britaniýa milli howpsuzlygy goramak çärelerini berk berjaý etmek bilen, “sagdyn we realistik çemeleşmäni” saklamagy maksat edinýär.

“Hytaý Beýik Britaniýa üçin möhümdir. Käbir meselelerde pikir tapawutlary saklansa-da, yzygiderli we strategiki gatnaşyklar biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär”, — diýip, premýer-ministr açyk we dogruçyl dialogyň möhümdigini nygtady.

Saparyň dowamynda HHR-niň Başlygy Si Szinpin we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan bilen gepleşikler meýilleşdirilýär. Olarda söwda, maýa goýumlar we milli howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Soňra Kir Starmer britan we hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çäreler üçin Şanhaýa barar.

Wekiliýetiň düzümine HSBC, GSK, Jaguar Land Rover, Beýik Britaniýanyň Milli teatry, şeýle hem maliýe, döredijilik we ylmy ugurlarda öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri girýär. Saparyň maliýe hyzmatlary, döredijilik senagatlary we biolukmançylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmegine garaşylýar.

Sapara işewürlik we söwda ministri Piter Kaýl hem-de gazna ministrliginiň ykdysady sekretary Lýusi Rigbi hem gatnaşýar. Bu sapar 2025-nji ýylyň Ykdysady we maliýe dialogynyň dowamydyr. Şol dialogyň netijesinde 600 mln funt sterling möçberinde göni ykdysady peýda gazanyldy we 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Beýik Britaniýa bilen Hytaýyň Bilelikdäki ykdysady we söwda komissiýasynyň işi gaýtadan dikeldildi.

Hytaýa sapary tamamlanandan soň, premýer-ministr Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşmak üçin Tokio şäherine ugrar. Beýik Britaniýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberi 100 mlrd funt sterlingden geçýär we Birleşen Patyşalygynda takmynan 200 müň iş ornuny üpjün edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026