HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Finlýandiýa bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmäge taýýardyr

Ýanwar 29, 2026 | 19:31 |3429
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň premýeri Li Sian hepdäniň ýekşenbe güni Pekinde Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ol Hytaýyň ösüş strategiýalaryny Finlýandiýa bilen has gowy sazlaşdyrmaga we dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Li Sian geçen ýyl iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 75 ýyllygyny bilelikde belländigini ýatlady. Ol, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo bilen duşuşandygyny bellemek bilen, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sagdyn we durnukly ösmeginiň örän wajypdygy barada pikir alyşylandygy, geljekde Hytaý-Finlýandiýa gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaklygy göz öňünde tutulýandygy barada aýtdy.

“Hytaý Finlýandiýa bilen bilelikde iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny dowam etdirmäge, özara hormat we deňlik esasynda geljege ugrukdyrylan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga taýýardyr” diýip, premýer Li Sian aýtdy.

Hytaýyň 15-nji bäş ýyllyk maksatnamasynyň başlangyjy bolan bu ýylda Hytaý ikitaraplaýyn söwdanyň mümkinçiliklerini doly ulanmaga, maýa goýum, telekommunikasiýa, arassa tehnologiýa, ýörite gämi gurluşygy, täze görnüşli şäher gurluşygy, durmuş we saglyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Li Sian iki tarapy syýahatçylyk, dil öwrenmek we bilim almak, ýaşlaryň arasyndaky alyş-çalyşlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy.

Dünýä ykdysadyýetindäki häzirki kynçylyklar göz öňünde tutulanda, Hytaý we Finlýandiýa açyk halkara ykdysady-söwda tertibini saklamak, köp taraplaýynlygy we erkin söwdany goldamak, Dünýä Söwda Guramasy esasynda köptaraplaýyn söwda ulgamyny goramak we özara bähbitli şertlerde bilelikde işleşmelidiris diýip, Li Sian belledi.

Ol Finlýandiýanyň Hytaý-Ýewropa gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn rol oýnamagyna umyt bildirdi.

Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo, Hytaý bilen gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny, ýokary derejeli saparlary we ähli derejelerde alyş-çalyşlary güýçlendirmäge, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny, halkara alyş-çalyşlary ösdürmäge, erkin söwdany we köp taraplaýyn söwda ulgamyny goramaga taýýardygyny aýtdy.

Hytaý kompaniýalarynyň Finlýandiýa maýa goýumyny goýmaklygyna umyt bildirip, Hytaý-Ýewropa gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn goşant goşmaga taýýardygyny belledi.

Gepleşikleriň ahyrynda ylmy-tehnika, ýaşaýyş jaý we şäher we oba ýerlerindäki gurluşygy, gümrük, medeniýet we syýahatçylyk, ykdysadyýet we söwda, energetika pudaklaryny öz içine alýan birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026