HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Talyplar V Halkara nazary mehanika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ýanwar 27, 2026 | 16:00 |3642
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (TDEI) V Açyk Halkara nazary mehanika internet-olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul edýändigini yglan edýärTürkmenistanyň Döwlet energetika instituty (TDEI) V Açyk Halkara nazary mehanika internet-olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul edýändigini yglan edýär
Çeşme: tdei.edu.tm

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (TDEI) V Açyk Halkara nazary mehanika internet-olimpiadasyna gatnaşyjylary kabul edýändigini yglan edýär. Zehin bäsleşigi 2026-njy ýylyň 24–28-nji marty aralygynda geçiriler we Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan iň zehinli talyplary bir ýere jemlär.

Olimpiada hünärine we okuw ýylyna garamazdan ähli talyplar üçin açykdyr. Bäsleşik iki görnüşde geçiriler:

• Şahsy bäsleşik: her ýokary okuw mekdebinden 10 talyba çenli gatnaşyp biler.

• Toparlaýyn bäsleşik: her ýokary okuw mekdebi 1 ýa-da 2 topar (her topar 5 adamdan köp bolmadyk) hödürläp biler.

Halkara olimpiada üç dilde geçiriler: türkmen, rus we iňlis dillerinde.

Format we tabşyryklar

Şahsy bäsleşigiň gatnaşyjylary 240 minudyň dowamynda statika, kinematika we dinamika boýunça 8 meseläni çözmeli bolarlar. Toparlaýyn tapgyr has çalt geçer: 5 sany çylşyrymly meseläni çözmek üçin bary-ýogy 60 minut berler. Ähli tabşyryklar bäsleşigiň geçirilýän günlerinde institutyň resmi web-saýtyndaky ýörite bölümde ýerleşdiriler.

Nädip hasaba durmaly?

Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşygy 15-nji marta çenli dowam eder. Giňişleýin maglumat almak we arza tabşyrmak üçin TDEI-niň resmi web-saýtyndan peýdalanyp ýa-da guramaçylyk topary bilen aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

• +993 12 5-75-02;

• +993 64 68-10-23;

• +993 64 20-74-44.

Şeýle hem soraglary aşakdaky elektron poçta salgylaryna iberip bilersiňiz: tdei@tdei.edu.tm we energetikatdei@gmail.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026