HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Ýanwar 27, 2026 | 22:00 |9172
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edilmegi maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýädäki dilleriň dürlüligini goldamaga gönükdirilen möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

27012026-tbilisi-turkic-languages-day-relay (2).jpg

Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow türki dilleri diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilleriň arasyndaky taryhy pelsepäni we halkyň şygyryýetini özünde saklaýan hem-de adamzadyň ruhy ösüşini baýlaşdyrýan janly köprüdigini nygtady.

Ol Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine we türki dilleri gorap saklamaga, şeýle hem medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we pugtalanmagyna gönükdirilen bütindünýä dialogynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

27012026-tbilisi-turkic-languages-day-relay (3).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026