Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanyň bilim ministri Italiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Ýanwar 27, 2026 | 15:20 |6220
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşdy26-njy ýanwarda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşdy
Çeşme: specialeurasia.com

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşdy. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bilimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşýandygy bellenildi.

Şeýle-de taraplar türkmen-italýan dialogynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda geçen ýyldaky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Italiýanyň Aziýa instituty bilen geçirilen soňky duşuşygyň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy italýan bilim taslamalarynyň çäginde halkara bilim maksatnamalaryna we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşygyny giňeldýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde gysga möhletli dil we medeni ugurly okuwlary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe geçişleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ ýaly taslamalary hem-de sebitleýin başlangyçlary yzygiderli amala aşyrylýar.

Özara pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek matematika boýunça halkara olimpiadalara italýan mekdep okuwçylary we talyplary gatnaşmaga çagyryldy.

Şonuň ýaly-da hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklara esaslanýan bilim hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine, türkmen ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň okadylmagyna, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine we medeni-ynsanperwer çäreleriň guralmagyna aýratyn üns berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026