HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabide dünýäde ilkinji “ösüşe görä tölegli” metallurgiýa parky açyldy

Ýanwar 26, 2026 | 19:30 |4017
BAE-niň KEZAD ykdysady zolagynda bahasy 430 million dirhem bolan Metal Park atly innowasion taslama işe girizildiBAE-niň KEZAD ykdysady zolagynda bahasy 430 million dirhem bolan Metal Park atly innowasion taslama işe girizildi
Çeşme: adportsgroup.com

BAE-niň KEZAD ykdysady zolagynda bahasy 430 million dirhem bolan Metal Park atly innowasion taslama işe girizildi. Bu “ösüşe görä töleg” ýörelgesi boýunça işleýän dünýäde ilkinji senagat ekoulgamy bolup, öndürijilere iri başlangyç maýa goýumlary bolmazdan işini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Täze model senagata bolan çemeleşmäni düýpgöter üýtgedýär: maýalaşdyrmaga esaslanýan gurluş integrirlenen ulgam bilen çalşyrylýar. 450 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän kärhanalar önümçilik kuwwatlaryna, ammarlara we sargytlary hakyky wagt tertibinde dolandyrmaga mümkinçilik berýän sanly hyzmatlara dessine elýeterlilik alýarlar. AD Ports Group-yň goldawy netijesinde, parka gatnaşýanlar önümçilikden porta çenli üznüksiz logistika bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda Metal Park-da 27 gatnaşyjy iş alyp barýar. Taslama ekologiýa durnuklylygyna we netijelilige gönükdirilendir: umumy serişdeleriň ulanylmagy çykdajylary azaldýar hem-de galyndylary iň az derejä ýetirýär. Parkyň açylmagy Abu-Dabiniň öňdebaryjy tehnologiýalaryň global merkezi hökmündäki ornuny tassyklaýar we senagat ösüşini halkara maýadarlar üçin elýeterli edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026