Türkmenistanda adamyň aşa yssy howa şertlerine uýgunlaşmagy boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar


Türkmenistanyň ylmy edaralary ýurduň aşa yssy howa-geografik şertlerine adamyň organizmini uýgunlaşdyrmagyň iň amatly ýollaryny işläp taýýarlamak maksady bilen ylmy barlaglary alyp barýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow habar berdi.
«Türkmenistanyň Milli howanyň üýtgemegi strategiýasyna laýyklykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde işgärler tarapyndan howanyň ýokary temperaturasynyň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirini we organizmiň yssy howa şertlerine uýgunlaşmagyny bahalandyrmak bilen bagly ylmy barlaglar geçirilýär. Şeýle hem tebigy-howa we önümçilik faktorlarynyň täsiri astynda bütin organizmiň hem-de onuň ulgamlarynyň işleýiş kanunalaýyklyklary öwrenilýär. Bu işler Türkmenistanyň aşa yssy howa-geografik şertlerine adamyň organizmini uýgunlaşdyrmagyň iň amatly ýollaryny kesgitlemek maksady bilen alnyp barylýar», – diýip, ol Aşgabatda ýakynda geçirilen «Üýtgeýän dünýä şertlerinde azyk howpsuzlygy» atly halkara maslahatda aýtdy.
Mämmedow howanyň üýtgemegi we saglyga degişli töwekgelçilikleriň özgermegi şertlerinde geljekki azyk ulgamyny üpjün etmek üçin oba hojalyk önümleriniň öndürilişini uýgunlaşdyrmagyň zerurdygyny hem belledi.
«Howanyň üýtgemegi, oba hojalygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň arasynda bar bolan arabaglanyşyga esaslanýan, amaly çözgütleri teklip edýän ylmy çemeleşmeler eýýäm bar. Şolaryň biri hem “Bitewi saglyk” konsepsiýasydyr», – diýip, ol düşündirdi.
Ministriň bellemegine görä, Türkmenistanda “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen pudagara we edaralarara guramaçylyk komiteti döredildi. Bu çemeleşme dürli derejelerde dürli ylmy ugurlary we jemgyýetleri birleşdirip, abadançylygy pugtalandyrmak, saglyga we ekoulgamlara abanýan howplara garşy bilelikde göreşmek üçin gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde arassa suw, energiýa we arassa howa bilen üpjün etmek ýaly umumy meseleler çözülýär, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça çäreler görülýär», – diýip, ministr aýtdy.








