HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ugurlar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwdanyň ösmegine itergi berýär

Ýanwar 25, 2026 | 20:30 |5082
Çeşme: orient.tm

Penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwdada emele gelen täze ugurlary beýan etdi. Olaryň arasynda ýokary tehnologiýaly önümleriň eksportynyň çalt artmagy, serhetüsti elektron söwdanyň ösmegi hem-de «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde integrasiýanyň çuňlaşmagy bar.

Ministrligiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy rekord derejä ýetip, 106,3 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji ilkinji gezek 100 milliard dollardan ýokary boldy.

«Haryt söwdasy ýyllyk hasapda 12 göterim artdy. Import we eksport ýokary ösüş derejesini görkezdi, degişlilikde 14 göterim we 11 göterim ýokarlandy. Merkezi Aziýa Hytaýyň daşary söwdasynda has çalt ösýän sebitleriň birine öwrüldi», — diýip, Söwda ministrliginiň metbugat wekili He Ýunsýan penşenbe güni Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi. Gurluş taýdan gowulaşmalary nygtap, He Ýunsýan Hytaýyň Merkezi Aziýa eksportynyň «täze üçlük» tarapyndan has köp kesgitlenýändigini belledi.

«Hytaýyň Merkezi Aziýa eksporty täze ösüş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilýär, ösüş bolsa innowasiýalara tarap süýşýär». Umumy eksportyň 55 göteriminden gowragy mehaniki we elektro-tehniki önümlere degişli boldy. Şol döwürde «täze üçlügiň» — elektro mobilleriň, gün panelleriniň we litiy-ion akkumulýatorlarynyň — bazardaky paýy yzygiderli artdy. Import babatda bolsa, Hytaý durnukly möçberleri saklamaga ünsi jemleýär, şol bir wagtyň özünde hilini ýokarlandyrýar, sebäbi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan barha köp ýokary hilli, özboluşly önümler ýurduň dürli ýerlerinde öz orunlaryny ýol tapýar” – diýip, He Ýunsýan aýtdy.

Serhetüsti elektron söwda hem çalt depginli ösüş görkezdi: onuň söwda möçberi 800 million ABŞ dollaryna ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artdy.

He Ýunsýanyňň sözlerine görä, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijesinde söwda bilen maýa goýumlar barha çuňňur birleşýär we bu uzak möhletleýin mümkinçilikleri açýar.

Geljekde ministrlik söwdanyň gurluşyny has-da kämilleşdirmegi, işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmegi hem-de söwda bilen maýa goýumlaryň toplumlaýyn ösüşini öňe sürmegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Hytaýyň Halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk akademiýasynyň ylmy işgäri Ýu Wense gazanylan ösüşleriň has giň ähmiýetine ünsi çekdi. «Bu möhüm üstünlik Hytaýyň açyklygy giňeltmek we «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlygy öňe sürmek boýunça işjeň tagallarynyň netijesidir. Ählumumylaşmagyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan we söwda proteksionizminiň güýçlenýän şertlerinde onuň ähmiýeti has-da artýar», — diýip, Ýu Wense aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026