2026-njy ýylyň sakura gülleýän möwsümi: näme üçin bu döwürde Ýaponiýa syýahat rekord derejede arzan bolar


Sakura gülleýän möwsümi adaty ýagdaýda Ýaponiýa syýahat etmek üçin iň gymmat döwür hasaplanýar. Emma 2026-njy ýylda ýagdaý üýtgedi: bilermenler awiabiletleriň, myhmanhanalaryň we taýýar syýahat bukjalarynyň bahalarynyň seýrek ýagdaýda arzanlaýandygyny belleýärler. Munuň esasy sebäpleri — ýapon iýenasynyň hümmetiniň pese düşmegi we Hytaýdan gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalmagydyr.
Syýasy düşünişmezlikler sebäpli Gündogar Aziýadan gelýän syýahatçylaryň sany düýpgöter azaldy, bu bolsa awiakompaniýalary we myhmanhana eýelerini hyzmatlarynyň bahalaryny peseltmäge mejbur etdi. Tokio, Osaka we Kioto ýaly meşhur şäherlerde ýerleşmegiň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10–20% arzanlady. Ýapon iýenasynyň gowşak hümmeti hem ýagdaýy has-da amatly edýär, sebäbi daşary ýurt walýutalarynyň satyn alyş ukyby ýokary boldy.
2026-njy ýylda baharyň has ýumşak bolmagyna garaşylýar, şonuň üçin sakura adatdakydan ir güllär. Tokio şäherinde möwsümiň 20-nji martda, Osaka şäherinde bolsa 24-nji martda başlanmagyna garaşylýar. Bu senelere syýahat meýilleşdirýän syýahatçylar pul serişdelerini ep-esli tygşytlap bilerler, sebäbi Ýaponiýanyň salgyt syýasatyndaky esasy üýtgeşmeler biraz soň güýje girer.
Umumy arzanlyga garamazdan, täze tölegleri hem göz öňünde tutmak zerurdyr. 1-nji martdan başlap Kiotoda ýerleşmek üçin salgyt girizilýär: orta derejeli myhmanhanalarda bu töleg bir gijä 5-den 23 ýewro çenli bolar. Şeýle hem resminamalary resmileşdirmek bilen howlukmak maslahat berilýär: 2026-njy ýylyň aprelinden başlap hökümet wiza ýygymlarynyň bahasyny ep-esli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň bahary Ýaponiýa syýahat etmek üçin özboluşly «mümkinçilik penjiresi» bolup durýar. Mart aýyna syýahaty öňünden sargyt eden syýahatçylar meşhur sakurany iň amatly şertlerde görüp, geljekdäki salgyt ýokarlandyryşlaryndan hem gaça durup bilerler.
ORIENT








