HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Hytaýyň Aziýa ýurtlaryna eksporty ýokary ösüşi görkezdi

Ýanwar 25, 2026 | 11:47 |4341
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Baş Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, dünýä bazarlarynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy ösüş depginini saklady we eksportynyň ösüşiniň esasy bölegi Aziýa ýurtlaryna düşdi.

Aziýa bazarlaryna iberilen harytlaryň esasy bölegini integrirlenen mikroshemalar, döwrebap ýan telefonlary we maglumatlary gaýtadan işleýän enjamlar ýaly ýokary tehnologiýa önümleri düzdi. Bilermenleriň bellemegine görä, bu ýagdaý sebitiň daşky gurşawa zyýansyz, öňdebaryjy tehnologiýaly we sanly ösüşe bolan islegleriniň, Hytaýyň önümçilik we üpjünçilik zynjyrlaryna utgaşyklylygy bilen baglanyşyklydyr.

Aziýa ýurtlaryndan soň, Afrikanyň we Ýewropanyň bazarlary hem Hytaýyň eksportynyň ösmekligine goşant goşdy. 2025-nji ýylda Hytaýyň Afrika ýurtlaryna eksporty ýyllyk hasapda 26.5 göterim artyp, dokma önümlerinden, aýakgaplardan we sumkalardan başlap, deňiz önümçilik meýdançalaryna we konteýner daşaýan gämilerine çenli giň gerimli harytlar bilen umumy eksportyň ösüşine itergi beriji güýçleriň birine öwrüldi.

Ýewropa bazarlarynda hem täze ugurlar açyldy. Polda gurnalýan wentilýatorlaryň we öý hojalyk kondisionerleriň eksporty artdy, şeýle hem Hytaýda öndürilen doňdurma önümleriniň Ýewropa bazarlaryna satuw möçberi köpeldi, bu bolsa Hytaýyň sebitdäki söwda möçberiniň dürli görnüşler boýunça giňeýändigini görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026