HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ykdysadyýetine ynam artýar, dünýäniň maýadarlary ösüşi çaklaýarlar

Ýanwar 25, 2026 | 09:20 |4453
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýeti durnukly ösüş depginini saklamak bilen, jemi içerki önümiň möçberi 140 trillion ýuandan geçdi we meýilleşdirilen 5 göterim ýyllyk ösüş ýerine ýetirildi. Resmi taýdan ykdysadyýetiň esasy binýadynyň durnuklydygy bellendi.

Hytaý döwleti dünýäde iň uly we doly önümçilik ulgamyny saklamak bilen, goşmaça gymmat boýunça önümçilikde bassyr 16 ýyl bäri dünýäde öňdeligi saklap gelýär. Hyzmatlar pudagy jemi içerki önümiň 57.7 göterimini düzýär we ol dünýäde iň uly sanly infrastruktura – giň zolakly ulgamlar we internet-kompýuter hasaplaýyş tehnologiýalary bilen alnyp barylýar. Daşary söwda boýunça 2025-nji ýylda import we eksport möçberi 45 trillion 470 milliard ýuana ýetip, dokuz ýyl bäri yzygiderli ösüş gazanyldy. Hytaý häzirki wagtda dünýäniň 240-dan gowrak ýurtlary we sebitleri bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar, olaryň takmynan ýarysy “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çägindäki hyzmatdaş ýurtlara degişlidir.

Innowasiýa ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, ylmy-barlag işlerine we ösüş tagallalaryna goýulýan serişdeler Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna agza ýurtlarynyň ortaça derejesinden ýokary boldy. Bu ýagdaý ösüşiň innowasiýa esasly täze tapgyra geçýändigini görkezýär. Sarp edijilik bazary işjeňleşip, şaý-sepleriň, döwrebap telefonlaryň we artykmaç islegleri kanagatlandyrýan harytlaryň satuwy artýar.

Dünýäniň maýadarlary bu ösüşe oňyn baha berýärler. Goldman Sachs kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli MSCI Hytaý indeksiniň 20 göterim ýokarlanmagyny çaklaýar. CSI 300 indeksiniň bolsa 12 göterim ýokarlanyp, 5200 derejä ýetmegi çak edilýär. Bu bolsa Hytaýyň ykdysadyýetiniň uzak möhletleýin durnuklylygyna, düzüm-gurluşy boýunça täzelenmegine hem-de onuň ösüşiniň mümkinçiliklerine bolan ýokary ynamy görkezýändir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026