Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy durmuşa geçirilýär


Garaşsyzlyk ýyllary içinde 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň dürli pudaklarynda oňyn ösüşler we özgertmeler gazanyldy.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek diňe bir sanly hyzmatlaryň we täzeçillikleriň peýda bolmagyna däl, eýsem, adamlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine we täze tehnologiýalara we tehnikalara islegiň artmagyna getirdi.
Şonuň bilen baglylykda, geçen ýyl «Türkmenistanda 2026–2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze Konsepsiýasy» kabul edildi. Täze Konsepsiýanyň kabul edilmegi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňdebaryjy derejelere ýetmekden, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, maýa goýum çekmekden, «elektron hökümet», emeli aň, bulut we maliýe tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, akylly şäher ulgamlaryny kämilleşdirmek, maglumat kommunikasiýa torlaryny ösdürmek, pudagyň infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar.








