HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ChatGPT Health: OpenAI saglyga ideg etmek üçin şahsy AI-kömekçini işe girizdi

Ýanwar 20, 2026 | 18:30 |4083
OpenAI kompaniýasy ChatGPT Health — meşhur çat-botyň içinde ýerleşýän täze ýöriteleşdirilen bölümi tanyşdyrdy. Bu hyzmat lukmançylyk temalary boýunça aragatnaşyk saklamak we ulanyjynyň özüni nähili duýýandygyny seljermek üçin ýörite döredildiOpenAI kompaniýasy ChatGPT Health — meşhur çat-botyň içinde ýerleşýän täze ýöriteleşdirilen bölümi tanyşdyrdy. Bu hyzmat lukmançylyk temalary boýunça aragatnaşyk saklamak we ulanyjynyň özüni nähili duýýandygyny seljermek üçin ýörite döredildi
Çeşme: OpenAI

OpenAI kompaniýasy ChatGPT Health — meşhur çat-botyň içinde ýerleşýän täze ýöriteleşdirilen bölümi tanyşdyrdy. Bu hyzmat lukmançylyk temalary boýunça aragatnaşyk saklamak we ulanyjynyň özüni nähili duýýandygyny seljermek üçin ýörite döredildi.

Täze bölümiň esasy aýratynlygy — maglumatlaryň doly goraglylygydyr. Saglyk bilen baglanyşykly maglumatlar beýleki çatlaryndan aýratynlykda saklanýar, şahsy görkezijileriňiz bolsa geljekki emeli aň modellerini taýýarlamak üçin ulanylmaýar. Has takyk maslahatlary almak üçin ulanyjylar Apple Health ýaly üçünji tarap programmalaryny hyzmata birikdirip bilerler. Bu emeli aňyň siziň hakyky işjeňligiňizi we beden görkezijileriňizi hasaba almagyna mümkinçilik berer.

chatgpt-health-ii-pomoshchnik

Taslama iki ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjeginden 260-dan gowrak lukmanyň gatnaşmagynda döredildi. Jogaplaryň howpsuz we takyk bolmagy üçin olar HealthBench atly ýörite kliniki ulgam arkaly barlandy. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler şuny ýatladýarlar: ChatGPT Health lukmanyň ornuny tutmaýar, ol diňe kömekçidir. Saglyk bilen baglanyşykly islendik meselede hünärmen lukmanlara ýüz tutmak zerurdyr.

Häzirki wagtda hyzmat garaşylýanlar sanawyndaky ulanyjylar üçin elýeterlidir. ChatGPT-niň gapdal menýusynda «Saglyk» bölümini tapyp bolar. Ýakyn wagtda OpenAI bu hyzmaty ähli isleg bildirýänler üçin açmagy meýilleşdirýär, bu bolsa şahsy lukmançylyk maslahatlaryny millionlarça adam üçin has elýeterli eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri iň uzak dowam eden tapgyr

Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri iň uzak dowam eden tapgyr

15:50 Iýul 27, 2026
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

14:30 Iýul 27, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026