HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowy gutladylar

Ýanwar 19, 2026 | 22:05 |8756
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan «Çölüň aýdymlary» atly giň gerimli sergisi açyldyTürkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan «Çölüň aýdymlary» atly giň gerimli sergisi açyldy
Çeşme: Oleg Pawlenko TASS

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan «Çölüň aýdymlary» atly giň gerimli sergisi açyldy. Bu çäre diňe bir 110-dan gowrak özboluşly eseriň görkezilmegi bilen däl-de, eýsem suratkeşiň medeniýetleriň arasyndaky halkara dialoga goşan goşandynyň dabaraly taýdan ykrar edilmegi bilen hem tapawutlandy.

ТАSS agentliginiň habar bermegine görä, serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin ýubileý eýesine «Watandaş» diýen Hormat nyşanyny gowşurdy. Bu sylag — Amansähedowyň iki ýurduň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran işiniň ykrar edilmegidir.

Moskwadaky meşhur Surikow adyndaky institutda bilim alan ussat, döredijiliginde rus akademik sungat mekdebini Gündogaryň çuňňur filosofiýasy we türkmen çölüniň baý reňkleri bilen ussatlyk bilen utgaşdyrýar.

Berdiguly Amansähedow — özboluşly şahsyýetdir. Ol suratkeş we kitap grafikçysy, kino hem-de teatr suratkeşi hökmünde giňden tanalýar. Andreý Platonowyň eseri boýunça goýlan «Jan» spektaklyndaky wizual çözgüdi teatr dünýäsi üçin hakyky açyş boldy. Onuň eserleri dünýäniň köp ýurtlarynda hususy ýygyndylarda saklanýar.

«Çölüň aýdymlary» atly sergi suratkeşiň döredijilik ýolunyň retrospektiwasy boldy. Ýakynda onuň eserleri BRICS sammitiniň çäginde Kazanda üstünlikli görkezildi, häzirki wagtda bolsa aşyabatlylar ussadyň grafikasy we surat eserleri bilen göni tanyş bolup bilerler. Bu eserlerde Garagumyň baky rowaýatlary we suratkeşiň çuň filosofik oýlanmalary beýan edilýär.

«Berdiguly Goşaýewiç — Russiýa bilen berk baglanyşykly we dünýäniň köp ýurtlarynda ykrar edilen adamdyr. Onuň 2024-nji ýylda Kazandaky sergisi uly üstünlik bilen geçirilip, dünýä derejesindäki ussatlygyny ýene bir gezek tassyklady», — diýip, ТАSS rus diplomatyň sözlerini getirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026