HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 2026–2030-njy ýyllarda eksporty we importy ösdürmeklgi meýilleşdirýär

Ýanwar 19, 2026 | 21:26 |4121
Çeşme: orient.tm

Hytaý 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň çäginde daşary söwda ulgamynda innowasion ösüşe itergi bermek hem-de eksport bilen importyň arasynda deňagramlylygy saklamak maksady bilen täze çärelerini durmuşa geçirer. Bu barada Hytaýyň Baş Gümrük Gullugy habar berdi.

Hytaýyň Baş Gümrük Gullugynyň ýolbaşçysy Sun Meiszýun, Pekinde geçirilen Milli gümrük iş maslahatyndaky çykyşynda, soňky bäş ýylda Hytaýyň gümrük edaralarynyň ýylda ortaça 5 milliard 200 million tonna möçberinde, umumy bahasy 42 trillion 300 milliard ýuana (ýagny 6 trillion ABŞ dollaryna) barabar bolan import-eksport harytlaryny dolandyrandygyny aýtdy. Bu möçber Hytaýyň söwda boýunça dünýäde iň öňdebaryjy ýurt hökmünde ornuny saklaýandygyny görkezýändir.

Sun Meiszýun gümrük edaralarynyň söwdany ýeňilleşdirmek bilen howpsuzlygy, şeýle hem eksport bilen importy deň derejede utgaşdyrmalydygyny belledi.

“Biz eksporty giňeltmek bilen bir hatarda importy hem artdyrmalydyrys we dünýäniň söwda dolanyşygyna gatnaşygymyzy çuňlaşdyrmalydyrys” diýip, Sun Meiszýun aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2026-njy ýylda halkara söwdasyny ýeňilleşdirmek boýunça täze çäreler durmuşa geçiriler. Şol sanda halkara elektron söwdasy, daşary ýurt ammarlary, pes belentlikdäki ykdysadyýet, bazar arkaly satyn alyş, gümrük gözegçiligindäki abatlaýyş, synag we gaýtadan önümçilik ugurlaryna goldaw güýçlendiriler.

Mundan başga-da, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň, azyk we sarp edijilik harytlarynyň importy üçin gözegçilik we karantin amallary kämilleşdiriler. Şeýle hem Hytaýyň Halkara Import Sergisi we Hytaýyň import we eksport boýunça Kanton ýarmarkasy ýaly iri halkara çärelerine hyzmat ediş güýçlendirilip, daşary söwdada durnukly ösüş gazanmak maksat edinilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026