Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ŞHG boýunça täze ýörite wekili we milli utgaşdyryjyny belledi

Ýanwar 15, 2026 | 15:00 |3853
Ilçi Ýan Wenbin Hytaýyň ŞHG-däki ýörite wekili we milli utgaşdyryjysy wezipesine bellenildi. Ol hyzmatdaşlygy we durnuklylygy ösdürer.Ilçi Ýan Wenbin Hytaýyň ŞHG-däki ýörite wekili we milli utgaşdyryjysy wezipesine bellenildi. Ol hyzmatdaşlygy we durnuklylygy ösdürer.
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) boýunça ýörite wekili we milli utgaşdyryjy wezipesine ilçi Ýan Wenbini belledi. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin, metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dünýäde iň iri sebit guramalarynyň biridigini belledi. Onuň sözlerine görä, 2001-nji ýylda döredileninden bäri bu guramanyň agza ýurtlary “Şanhaý ruhuny” doly goldamak bilen, halkara guramalaryny ösdürmekde täzeçe çemeleşmeleri üstünlikli ulanýarlar. Mao Nin Hytaýyň geçen ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatlaýyn başlyklygyny ýerine ýetirendigini, şol döwürde Týanszinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iş usullaryny kämilleşdirmek hem-de has adalatly we deňhukukly ählumumy dolandyryş ulgamyny öňe ilerletmek boýunça möhüm ylalaşyklara gelendigini aýtdy. Bu ylalaşyklar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ösüşiň täze tapgyryna geçmegine itergi berýändir.

Mao Niniň bellemegine görä, Hytaý hökümetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili we milli utgaşdyryjysy wezipesi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň beýleki agza ýurtlary bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen döredilen möhüm ähmiýetli wezipedir. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işleri boýunça baý tejribesi bolan we bu guramanyň meselelerine giňişleýin düşünýän ilçi Ýan Wenbiniň bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine, beýleki agza ýurtlaryň milli utgaşdyryjylary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etjekdigine hem-de ýolbaşçylaryň gazanan ylalaşyklaryny doly durmuşa geçirjekdigine ynam bildirilýär. Şeýle tagallalar arkaly guramanyň ösüşini we hyzmatdaşlygyny berkitmek, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ösüşe we abadançylyga itergi bermek hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň jemgyýetini has-da jebisleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026