Afrikada iň uly howa menzil: Efiopiýada täze howa menziliniň gurluşygy başlandy


10-njy ýanwarda Efiopiýanyň Bişoftu şäherinde Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Taslamanyň umumy bahasy 12,5 milliard ABŞ dollaryna barabardyr.
Halkara Bişoftu howa menzili (Debre-Zeýt) Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebadan takmynan 45 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Howa menzili 270 uçary kabul edip biler we ýylda 110 million ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolar. Taslamanyň başlangyjyny öňe süren Afrikadaky ornuny giňeltmegi maksat edinýän Ethiopian Airlines awiakompaniýasydyr.
Ilkibaşda taslama 10 milliard dollar diýlip bahalandyrylypdy, emma soňra onuň bahasy ýokarlandy. Häzirki wagtda landşaft taýýarlamak işleri üçin 610 million dollar bölünip berildi, esasy potratçylar bolsa 2026-njy ýylyň awgust aýynda işe başlamaga taýýarlanýarlar.
Howa menziliniň gurluşygyny 2030-njy ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
ORIENT








