HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da LG we Samsung telewizorlary eýelerine gözegçilik etmekde aýyplandy

Ýanwar 12, 2026 | 22:25 |4569
Tehas ştatynyň baş prokurory Ken Pakston mazmuny tanamak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi arkaly «Tehas ýaşaýjylaryna garşy içalylyk etmekde» aýyplap, bäş telewizor öndürijisine garşy kazyýete ýüz tutdyTehas ştatynyň baş prokurory Ken Pakston mazmuny tanamak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi arkaly «Tehas ýaşaýjylaryna garşy içalylyk etmekde» aýyplap, bäş telewizor öndürijisine garşy kazyýete ýüz tutdy
Çeşme: rbc.ru

Tehas ştatynyň baş prokurory Ken Pakston mazmuny tanamak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi arkaly «Tehas ýaşaýjylaryna garşy içalylyk etmekde» aýyplap, bäş telewizor öndürijisine garşy kazyýete ýüz tutdy.

Aýry-aýry kazyýet arzalarynda Sony, Samsung, LG, Hisense we TCL kompaniýalarynyň öndürýän telewizorlary agzalýar. Resminamalarda olaryň şahsy maglumatlary ýygnamak we maksatly mahabat üçin ulanmak maksady bilen awtomatiki mazmuny tanamak (Automated Content Recognition, ACR) tehnologiýasyny peýdalanýan «köpçülikleýin gözegçilik ulgamynyň» bir bölegi bolandygy aýdylýar.

ACR tehnologiýasy ulanyjynyň telewizorda nämeleri tomaşa edýändigini kesgitlemek üçin wizual we ses maglumatlaryny ulanýar. Bu teleýaýlymlar we filmler (streaming hyzmatlarynda we kabel teleýaýlymlarynda), YouTube wideolary, Blu-ray diskleri we başga-da köp sanly çeşmeleri öz içine alýar. Baş prokuror Pakstonyň bellemegine görä, ACR wideo gözegçilik kameralarynyň we gapy jaňlarynyň akymlaryny, Apple AirPlay ýa-da Google Cast arkaly geçirilýän media faýllaryny, şeýle-de HDMI porty arkaly telewizora birikdirilen beýleki enjamlardan (noutbuklar, oýun konsollary we ş.m.) gelýän şekilleri ele geçirýär.

Pakstonyň aýtmagyna görä, Samsung we Hisense kompaniýalary telewizoryň ekranyndan «her 500 millisekuntda» bir gezek surat alýar. Kazyýet arzasyna görä, telewizor öndürijileri tomaşa maglumatlaryny her bir kompaniýa ulanyjynyň habary ýa-da razylygy bolmazdan geçirýärler.

Şeýle hem ol TCL we Hisense kompaniýalarynyň Hytaý bilen baglanyşyklary barada aladasyny bildirdi, sebäbi bu iki kompaniýa hem şol ýurtda ýerleşýär. Ozal Vizio kompaniýasy (häzirki wagtda Walmart-a degişli) 2017-nji ýylda ACR bilen baglanyşykly meňzeş aýyplamalar boýunça Federal Söwda Komissiýasyna we Nýu-Jersi ştatyna 2,2 million ABŞ dollary möçberinde jerime töläpdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026